Magtymguly Pyragy köňülleriň şamçyragy

Magtymguly Pyragy  köňülleriň şamçyragy

Aýdym-saz sungaty älem-jahany parahatçylyga, adamzady dost-doganlyga çagyrmak bilen dowamat-dowamdyr. Saz ýüregiň dilinde sözleýär. Hut şonuň üçin hem ol hemmä düşnüklidir. Saz göwünlere mähribanlyk, ýüzlere ýylgyryş çaýýar. Kalby mähribanlyga, jemaly ýylgyryşa ýaran ynsan bolsa bagtyň janly sergisidir.

Watanymyzda göwünleri aýdym-sazdan pürepür zehinli ýaşlarymyz sanardan kän. Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýylymyzda-da milli aýdym-saz sungatymyzy kämilleşdirmek barada taýsyz tagallalar edýän hormatly Prezidentimiziň sungata höwesli zehinli ýaşlary ýüze çykarmak maksady bilen durmuşa geçirýän beýik işleri ýurdumyzda ezber aýdymçylaryň, sazandalaryň, bu ugurdan ussat hünärmenleriň has-da artmagyna giň mümkinçilik döredýär.

Mälim bolşy ýaly, eziz Diýarymyzda ýaşlaryň arasynda yzygiderli dürli bäsleşikler guralýar. Şeýle bäsleşikleriň biri-de ýakynda, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda Ýaş alymlar geňeşiniň, şeýle-de Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň bilelikde guramagynda Magtymguly Pyragy köňülleriň şamçyragy atly zehin bäsleşigi geçirildi.

Bäsleşigiň esasy maksady ýaşlary ata-babalarymyzyň ynsanperwer ýörelgesi esasynda milli ruhda terbiýelemekden, olaryň watansöýüjilik, agzybirlik, jebislik duýgularyny, ata Watanymyza, merdana halkymyza bolan buýsançlaryny has-da ösdürmekden, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň milli mirasymyza, edebi we taryhy şahsyýetlerimize, ruhy-ahlak gymmatlyklarymyza goýýan sarpasyny ýaýbaňlandyrmakdan hem-de talyplaryň zehin başarnyklaryny ýüze çykarmakdan ybaratdyr.

Bu bäsleşik tapgyrma-tapgyr okuw ýylynyň ahyryna çenli her hepdäniň şenbe güni yzygiderli geçirilip gelinýär. Bäsleşigiň düzgünnamasyna laýyklykda, konserwatoriýada bilim alýan alty talypdan ybarat bolan toparlar gatnaşýarlar. Bäsleşik başlamazdan öň her topardan toparbaşylar bije çekýärler we garşydaş toparlaryny kesgitleýärler.

Bäsleşikde Gahryman Arkadagymyzyň döwlet galamyndan dörän kitaplaryndan, A.Meredowyň Magtymgulynyň düşündirişli sözlüginden, A.Şyhnepesowyň Magtymgulynyň älemi, R.Mustakowyň Magtymguly we Gündogar edebiýaty atly kitaplaryndan we Magtymguly Pyragynyň goşgularyndan soraglar berilýär.

Bäsleşigiň her tapgyrynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň professor-mugallymlaryndan düzülen eminler topary tarapyndan berlen ballaryň esasynda ýeňijiler kesgitlenilýär. Ýeňijileri Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň rektorlygynyň diplomlary we hormat hatlary hem-de konserwatoriýanyň Ýaşlar guramasy tarapyndan ýadygärlik sowgatlary bilen sylaglanylýar.

Bu bäsleşik her hepde diýseň çekeleşikli we gyzykly geçirilýär. Şeýle bäsleşikleriň, festiwallaryň, konsertleriň yzygiderli geçirilip durulmagy talyp ýaşlaryň zehinlerini, ukyplaryny, höweslerini has-da artdyrýar.

Ýene degişli makalalar

Ýaşlyk joşguny
Ýaş ussat ýerine ýetiriji we sazanda mugallymlaryň üstünlikleri
Ýaş zehinli talybyň halkara üstünligi
Belentden ýaňlanan owazlar
Magtymguly sözlerim saza goşsaň uz bolar
MOSKWADA DABARALY KONSERT PÄHIM-PAÝHAS UMMANY MAGTYMGULY PYRAGY