Magtymguly Pyragy türkmen medeniýetiniň ruhy binýady

Magtymguly Pyragy türkmen medeniýetiniň ruhy binýady

Türkmenistanyň Medeniýet, sport, syýahatçylyk we jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşi, Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrap häkimligi, Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň Aşgabatgurluşyk orta hünär okuw mekdebi, Aşgabat şäheriniň medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamy bilen bilelikde guramagynda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli Magtymguly Pyragy türkmen medeniýetiniň ruhy binýady ady bilen aýdym-sazly baýramçylyk çäresi geçirildi.

Baýramçylyk çärede çykyş edenler Gündogar edebiýatynda öçmejek yz goýan Magtymguly Pyragynyň şygyrlary ynsan kalbynyň ruhy lukmany bolup, her bir adamyň ýürek töründe orun aldy.Ol öz iliniň asuda, parahat durmuşda ýaşamagyny, ylymly-bilimli bolmagyny, medeniýetiniň beýgelmegini arzuwlan beýik şahyr halkyna pähim-parasatdan we şirin duýgulardan pürepür ajaýyp şygyrlar hazynasyny miras galdyrandygy barada belläp geçdiler. Şeýle-de dana şahyr Myradym nesihat etmekdir halka diýmek bilen, türkmeniň milli häsiýetlerini ösdürip, ýaşulularyň, ýaş-nesilleriň öwüt-ündew, nesihat bermegi halkymyzyň milli häsiýetleriniň dowamatynyň özenini düzýändigi barada giňişleýin gürrüň betdiler.

Çäräniň dowamynda Gündogaryň beýik akyldary, şirin dilli söz ussady Magtymguly Pyragynyň arzuwlan zamanasynda ýaşamak, berkarar döwletimiziň ajaýyp ösüşlerine gözli şaýat bolmak biziň üçin çäksiz bagtdyr.

Çäräniň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet Baýdagynyň güni mynasybetli Ýaşyl tugum al-asmanda pasyrda! atly sergisi
Magtymguly Pyragy döwürleriň çyragy
Türkmen medeniýeti — dünýä medeniýetiniň aýrylmaz bölegi
Magtymguly Pyragynyň döredijiligi, sönmez şamçyrag
Magtymguly Pyragy köňülleriň çyragy
Goşa mukaddesligiň baýramy
Saglyk-geljekki ýaş nesle gymmatly baýlykdyr