Magtymguly Pyragy türkmen şygryýetiniň zergäri

Magtymguly Pyragy türkmen şygryýetiniň zergäri

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamy, Türkmenistanyň Medeniýet, sport, syýahatçylyk we Jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleriniň Kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşi bilen bilelikde guramagynda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli Magtymguly Pyragy türkmen şygryýetiniň zergäri ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi.

Gürrüňdeşlikde hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrinde il-ýurdyň, halkyň geljegi üçin alada edýän, şahsyýetleriň sarpalanýan ajaýyp zamanasynda türkmen halkynyň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň şan-şöhratynyň tutuş ýer ýüzünde täze öwüşgün bilen belentden ýaýbaňlandyrylmagy, bagtyýar halkymyzyň köňüllerine joşgun berýändigi barada giňişleýin gürrüň etdiler. Şeýle-de Gahryman Arkadagymyzyň Magtymgulynyň şygryýet älemi türkmen edebiýatynyň buldurap akýan, çuňňur mana we çeper söze teşne kalplary gandyrýan çeşmesi bolup durýar diýip belleýşi ýaly, türkmen edebiýatynda öçmejek yz galdyran Magtymguly Pyragynyň şygyrlary terbiýeçilik mekdebi bolup durýandygy barada söhbet etdiler.

Gürrüňdeşligiň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.

Ýene degişli makalalar

Konstitusiýa we Döwlet Baýdagy mizemez mukaddeslik
Goşa mukaddesligiň baýramy
Magtymguly Pyragynyň älem giňişligine döredijilik nazary
Köňülleriň çyragy
Magtymguly Pyragy köňülleriň çyragy
BEÝIK MAGTYMGULYNYŇ ÝADYGÄRLIGI BELENTDEN SELEŇLÄP GÖRÜNÝÄR
MAGTYMGULYNYŇ DÖREDIJILIGI — DÜNÝÄ MEDENIÝETINIŇ GYMMATLY MIRASY