Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlap geçirilen dabara

Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlap geçirilen dabara

“Türkmenistan parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynda, Gahryman Arkadagymyzyň parasatly Baştutanlygynda Garaşsyzlygyň 30-ýyllyk toýy ýurdumyzyň her gününi şanly wakalara besleýär.Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň 7-nji çagalar sungat mekdebinde hem şol mekdebiň okuwçylarynyň gatnaşmagynda Aşgabat teleýaýlymy bilen bilelikde Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlap dabara geçirildi.

Dabaranyň dowamynda 7-nji çagalar sungat mekdebiniň “Mukam” dutarçylar topary, ”Owaz“ skripkaçylar topary, “Bagtyýarlyk” akkordeonçylar topary, “Buýsanç” topary hem-de nakgaş bölüminiň okuwçylarynyň Magtymguly Pyragynyň döredijiligine degişli bolan şygyrlarynyň baý mazmunyny beýan edýän döredijilik eserleri dabara öwüşgin berdi.

Dabara gatnaşýanlar türkmen ýaşlarynyň kämil şahsyýetler bolup ýetişmegi ugrunda, ýaşlaryň döwrebap derejede bilim almaga, okamaga, kämilleşmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

Ýene degişli makalalar

Balkan welaýat ýörite sungat mekdebiniň konserti
Ahalteke atçylygy: dünýä derejesindäki şan-şöhratyň täze belentliklerine tarap
Ganatly bedewleriň halkara bäsleşiginiň hem-de döredijilik bäsleşiginiň jemleri jemlenildi
Hoşniýetli hyzmatdaşlygyň möhüm ugry
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 29 ýyllygy mynasybetli...
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 29 ýyllygy mynasybetli dabaralar