Magtymguly Pyragynyň edebi mirasy

Magtymguly Pyragynyň edebi mirasy

Ýakynda Ahal welaýat kitaphanasy Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlap Magtymguly Pyragynyň edebi mirasy atly kitap sergi gurnady.

Kitap sergini görmäge gelen okyjylar Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň dünýä dolan şöhratyny has-da beýgeltmek we ony giňden wagyz etmek boýunça ýurdumyzda giň gerimli işler alnyp barylýar.

Türkmenistanyň Prezidentiniň kabul eden Kararyna laýyklykda, şu ýyl Gündogaryň beýik akyldary we şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny dünýä derejesinde giňden bellenilýär. Ýurdumyzda 2024-nji ýylyň Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýyly diýip yglan edilmegi akyldar şahyrymyzyň dünýä edebiýatynyň altyn hazynasyna giren baý hem-de gymmatly edebi mirasyny öwrenmekde möhüm ähmiýete eýe bolýar diýip belläp geçdiler.

Kitaphana işgärleri: Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ajaýyp eserleriniň baý many-mazmunyny we Magtymguly Pyragynyň döredijiligini okyjylaryň arasynda wagyz etmekde yhlasymyzy gaýgyrmarys! diýip alkyş aýtdylar.

Ýene degişli makalalar

Kitaphananyň taryhy hem-de şu güni
ADYŇ DILLERDE DESSAN, SÖZÜŇ MÜŇ DERDE DERMAN
Magtymguly Pyragynyň edebi mirasy - paýhaslar ummany
Kiýewdäki Magtymguly kitaphanasynyň muzeýine türkmeniň medeni gymmatlyklary gowşuryldy
Janly tebigatyň waspçysy
Magtymguly Pyragy türkmen halkynyň milli we edebi mirasynda