Magtymguly Pyragynyň we Alyşir Nowaýynyň setirleri Mirziýoýewiň Aşgabat saparyna aýratyn öwüşgin çaýdy

Magtymguly Pyragynyň we Alyşir Nowaýynyň setirleri Mirziýoýewiň Aşgabat saparyna aýratyn öwüşgin çaýdy

Türkmen we özbek halklarynyň akyldar şahyrlary, pelsepeçileri Magtymguly Pyragy bilen Alyşir Nowaýynyň many-maňyzdan püre-pür dürdäne setirleri Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň Aşgabada amala aşyran resmi saparyna aýratyn öwüşgin çaýdy.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň binasynda geçirilen gepleşiklerde Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Özbegistanyň Prezidenti bilen Aşgabatda duşuşmaga hem-de döwletara hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan meseleleri, şol sanda özara düşünişmek, hormat goýmak, ynanyşmak ýörelgelerinde guralýan parlamentara gatnaşyklar boýunça pikir alyşmaga döredilen mümkinçilige örän şatdygyny aýtdy.

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy şular barada aýtmak bilen, beýik özbek şahyry we akyldary Alyşir Nowaýynyň: Mundag muhabbet kişi älem nagşydyr,//Dost gadryny bilen ynsan ýagşydyr diýen goşgy setirlerini mysal getirdi.

Özbek Lideri Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde geçiren duşuşygynda Bu gün iki ýurduň şäherleriniň esasy köçeleri özbek hem-de türkmen halklarynyň beýik şahyrlarynyň we akyldarlarynyň adyny göterýär bu ikitaraplaýyn hormata ýokary baha berdi.

Şeýle hem belent mertebeli myhman berk binýady goýlan, dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine esaslanýan döwletara gatnaşyklary türkmenistanlylaryň ýaş nesliniň wekilleriniň mynasyp dowam etdirjekdiklerine ynam bildirip, türkmen halkynyň beýik ogly, akyldar şahyr, ylym-bilim ýaýradyjy we filosof Magtymguly Pyragynyň meşhur goşgusyndan: “Tireler gardaşdyr, urug ýarydyr” diýen sözleri getirdi.

Bellenilişi ýaly, bu şahyrana sözler biziň iki doganlyk halklarymyzyň gadymdan gelýän ruhy-ahlak gymmatlyklarynyň hem-de taglymlarynyň aýdyň beýany bolup durýar.

Ýene degişli makalalar

Aşgabatda Magtymguly Pyragy medeni-seýilgäh toplumy açyldy
BEÝIK MAGTYMGULYNYŇ ÝADYGÄRLIGI BELENTDEN SELEŇLÄP GÖRÜNÝÄR
Aşgabatda jemgyýetçilik awtobuslarynyň gatnawy ýaramazlaşdy
Türkmenistanyň Prezidenti watandaşlaryny Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni bilen gutlady
Häkimiýetler köpçülik ýerlerinde ykdysady şertlere nägilelik bildirýän raýatlary anyklaýar
Atabetul Hakaýyk we eseriň awtory ýazyjy-şahyr Edip Ahmet Ýükneki
Özbegistanda türkmen we özbek ýazyjy-şahyrlarynyň döredijilik duşuşygy geçirildi