Magtymguly sözüň bilene sözdür

Magtymguly sözüň bilene sözdür

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Sungat bölümi Magtymguly sözüň bilene sözdür atly kitaphana synyny geçirdi.

Kitaphana synynda Türkmenistanyň Gahrymany, Türkmenistanyň halk ýazyjysy Gözel Şagulyýewanyň Türkmen döwlet neşirýat gullygy tarapyndan çap edilen Belent boýly ussadym atly kitabyna syn geçirildi. Syna gatnaşan okyjylara we kitaphanaçylara bu kitap barada giňişleýin maglumat berildi, şeýle-hem Magtymguly Pyragynyň döredijiliginden ajaýyp goşgular okaldy.

Geçirilen kitaphana synyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, alyp barýan işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

Ýene degişli makalalar

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligine badalga berildi
Kitap ruhy baýlyk
Ertekiler dünýäsi
Kitaphana ulgamyny ösdürmegiň döwlet maksatnamasyny durmuşa geçirmek we kitaphanalarda elektron neşirleriň goruny döretmek işiniň esasy ugurlary
Okuw-tejribe maslahaty
Kitaphana rowaçlyklara badalga
Bagtyýar nesilleriň nagmalary