Magtymgulydaky kärhanada geçen ýyl 530 müňe ýakyn örme önümleri, 14 müň jübüt aýakgap öndürildi

Magtymgulydaky kärhanada geçen ýyl 530 müňe ýakyn örme önümleri, 14 müň jübüt aýakgap öndürildi

Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň Balkan welaýatyndaky iň iri önümçilik düzümleriniň biri bolan Magtymguly şäherindäki Tikin we aýakgap fabrikler toplumynyň hünärmenleri şu günler iş depginlerini has-da ýokarlandyrýarlar ― diýip, Türkmenistan gazeti habar berýär.

Kärhananyň geçen ýyl gazanan önümçilik görkezijileri bu asylly maksadyň myrat tapjakdygyna şaýatlyk edýär.

Has takygy, işgärleriň agramly bölegi gelin-gyzlar bolan bu häzirki zaman kärhanasynda arka atylan ýylda tikin we örme önümleriniň jemi 529 müň 143-si, aýakgap jübütleriniň bolsa 14 müň 200-si taýýarlanylyp, 16 million 576 müň manatlykdan gowrak iş bitirildi. Netijede, tutuş toplum boýunça geçen ýyl önüm öndürmek baradaky meýilnama 140 göterim berjaý edildi.

Önümçiligiň ösüş depginini ep-esli ýokarlandyryp, taýýar önümleriň 16 million 512 müň manatlyga barabaryny müşderilere ugratmagy başaran toplumyň hünärmenleri şu günler asylly maksatlara ýetmek üçin täze belentliklere tarap has-da ynamly gadam urýarlar.

Ýene degişli makalalar

Gökdepäniň pagta egriji fabrigi 70 million manada golaý önüm öndürdi
Onlaýn söwda gyzyklanma bildirýän türkmenistanlylar ýörite maksatnama gatnaşmaga çagyrylýar
Hrustal liliýa ýaryşyna gatnaşýan Nagyşly güzer atelýesi öz harytlaryna 10 göterim arzanlaşyk yglan edýär
“Gül Hanym” milli lybaslary hödürleýär
Ak Tam Bazary täze hyzmatdaşlary bilen tanyşdyrýar
Ogulabat ejäniň gymmatly sowgady