“Magtymgulynyň edebi mirasy beýik ynsanperwerligiň gözbaşy”

“Magtymgulynyň edebi mirasy  beýik ynsanperwerligiň gözbaşy”

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Hajy Ysmaýylow adyndaky kitaphana şahamçasy bilen Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň bilelikde gurnamagynda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli “Magtymgulynyň edebi mirasy beýik ynsanperwerligiň gözbaşy” ady bilen söhbetdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşlikde täze taryhy eýýamyzda ata-babalarymyzyň goýup giden akyl-paýhas mirasyny mynasyp sarpalamak, olary öwrenmek, ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmekde netijeli peýdalanmak ugrunda döwrebap işler alnyp barylýar hem-de ýaş nesillerimizi şahsyýet hökmünde kemala getirmekde nusgawy edebiýatymyzyň söz ussady, Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň watançylyk, gahrymançylyk, öwüt-nesihat ähmiýetli, il-ýurt, agzybirlik, jebislik hakyndaky şygyrlarynda esasy orun degişldir diýip uly buýsanç bilen söhbet etdiler.

Söhbetdeşligiň dowamynda Magtymgulynyň türkmen halkynyň guwanjy we buýsanjy hasaplanyp ol geçmişiň, şu günüň, geljegiň şahyry hökmünde ykrar edilendigini we akyldar şahyrymyz diňe bir türkmen halkynyň däl-de, eýsem, dünýä halklarynyň arasynda hem türkmen edebiýatyny şöhratlandyrýan ussatdygyny, Beýik söz ussadynyň ajaýyp goşgulary ähli halklar üçin ýol görkeziji şamçyrag bolup hyzmat edýändigi barada söhbet etdiler.

Söhbetdeşligiň ahyrynda milli-mirasymyzy dünýä ýaýmakda beýik işleri durmuşa geçirýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny arzuw etdiler.

Ýene degişli makalalar

ALTYN ZAMANADA, AJAP DÖWÜRDE WYSAL BOLDY PYRAGYNYŇ ARZUWY
TÜRKMEN HALK ERTEKILERINIŇ TERBIÝEÇILIK ÄHMIÝETI
Dünýäniň onlarça ýurdunda Magtymgula bagyşlanan kitaplar çap edildi
Türkmen medeniýetiniň, sungatynyň, edebiýatynyň rowaç menzilleri
Akyldar şahyryň goşgulary asylly terbiýäniň çeşmesi
Gölleriňe älem haýran
Owazasy dünýä dolan bedewler