MakGregor 23-nji ýanwarda Porýe bilen boljak söweşini tassyklady

MakGregor 23-nji ýanwarda Porýe bilen boljak söweşini tassyklady

Irlandiýaly Konor MakGregor bilen amerikaly Dastin Porýeniň arasynda UFC-niň çägindäki söweş Abu-Dabidäki "Söweş adasynda" ("Fight Island") bolar. MakGregor muny Instagramynda tassyklady.

Taraplar söweşiň 23-nji ýanwarda ýeňil agramda UFC 257-de boljakdygy barada resmi taýdan ylalaşdylar. Mundan ozal guramanyň başlygy Dana Uaýt söweşiň titul söweşi bolmajakdygyny belläp geçdi — häzirki wagtda bu agramda çempion 24-nji oktýabrda karýerasyny tamamlaýandygyny mälim eden russiýaly söweşiji Habib Nurmagomedowdyr.

Söweşijiler ilkibaşda 12-nji dekabrda Dublinde haýyr-sahawat sparringini geçirmekçidiler. UFC-de MakGregor bilen Porýeniň arasyndaky ilkinji söweş 2014-nji ýylyň sentýabr aýynda bolup geçipdi we onda birinji raundda tehniki nokaut bilen MakGregor ýeňiş gazanypdy.

Porýe 31 ýaşynda, onuň karýerasynda 26 ýeňiş, alty ýeňliş bar we ýene bir söweş hasaba alynmady. 32 ýaşly MakGregor 26 gezek söweşdi, onuň 22 ýeňşi we dört ýeňlişi bar. Ol UFC-de ilkinji titulyny 2015-nji ýylda aldy, soňra guramada bir wagtyň özünde dürli agram derejelerinde (ýarym ýeňil we ýeňil) iki titul gazanan ilkinji söweşiji boldy.

Ýene degişli makalalar

Gysga setirlerde: 16-njy fewralda sport habarlary
Konor Makgregor howply ulag dolandyrandygy üçin tussag edildi
Konor Makgregor: Ähli musulman doganlarymyzyň Remezan aýy mübärek bolsun!
Konor Makgregor iň ýokary hak alýan türgenleriň sanawynda birinji orny ýitirdi
Çimaýewiň Dias bilen söweşi UFC 279 turniriniň esasy wakasy bolar
Türkmenistanda Gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň güni belleniler, Nurana Hezretowa Aziýanyň çagalary oýunlarynda bürünç medala mynasyp boldy, Tele2 Russiýadan Türkmenistana jaňlaryň nyrhyny arzanlatdy
Floýd Meýwezer Konor Makgregor bilen boljak rewanşy anons etdi