Makron Hindistana Respublikanyň gününe baş myhman hökmünde çagyryldy

Makron Hindistana Respublikanyň gününe baş myhman hökmünde çagyryldy

Fransiýanyň Prezidenti Emmanýuel Makron Hindistanda 2024-nji ýylyň 26-njy ýanwarynda bellenjek Respublikanyň gününe esasy myhman hökmünde çagyryldy. Makronyň Nýu-Delide geçjek harby ýörişe gatnaşmagyna garaşylýar diýip, Press Trust of India neşirine sagylanýan TASS ýazýar.

Öň Hindistan ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýdeni bu milli baýramyň baş myhmany bolmaga çagyrypdyr, emma Ak Tamyň başlygy Nýu-Delä saparyny goýbolsun edipdir.

1947-nji ýylda Garaşsyzlygyny alan Hindistanyň Konstitusiýasy 1950-nji ýylyň 26-njy ýanwarynda güýje girdi, onda ýurt Respublika diýlip yglan edildi. Şondan bäri her ýyl Respublikanyň güni baýram edilip, ýurduň paýtagtynda harby ýöriş geçirilýär.

Däp bolşy ýaly, her ýyl Hindistan bu baýrama ýokary derejeli daşary ýurtly myhmanlary çagyrýar. 2023-nji ýylda baýramyň baş myhmany Müsüriň Prezidenti Abdel Fattah As-Sisi boldy.

Ýene degişli makalalar

Parižde taryhy açylyş dabarasy
Eýranyň prezidenti Ysraýyla duýduryş berdi
Pezeşkian Makron Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi
Durowyň saklanmagy balkanlylaryň arasynda açyk pikir alyşmalary döretdi
Türkmenistanda VPN ussalary Durowyň tussaglygyndan soň gazanjyny ýitirmekden howatyrlanýar
“Fransiýa, Ukraina Goldaw Bermäge Dowam Eder”