Makron resmi sapar bilen Gazagystana geldi

Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron resmi sapar bilen Gazagystana geldi. Respublikanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew daşary ýurtly kärdeşini öz kabulhanasyna dabaraly garşy aldy. Hormat garawulynyň başlygy Prezidentlere hasabat berdi, şondan soň orkestr iki ýurduň döwlet senalary ýerine ýetirdi.

Emmanuel Makronyň Gazagystana saparyny ilkinji gezek amala aşyrýar. Iki ýurduň liderleri söwda, ykdysady, maýa goýum we energiýa hyzmatdaşlygyny güýçlendirmek, şeýle hem halkara we sebitiň gün tertibindäki meseleler barada pikir alyşdylar.

Ertir, 2-nji noýabrda Wengriýanyň Premýer-ministri Wiktor Orban Gazagystana resmi sapar bilen geler.

Ýene degişli makalalar

Deňagramlyk gözlegleri. Ukrainada iki ýyl dowam eden uruş Merkezi Aziýany nähili özgertdi?
Tokaýewe Katary esaslandyryjy Şeýh bin Taniniň gylyjyny sowgat berdiler
HHR-iň Başlygy Si Szinpin Fransiýa döwlet saparyny amala aşyrdy
Gatnaşyklary strategik derejä çykarmakçy
Fransiýadan 30 Ýyl Soň Özbegistan Ilkinji Gezek Prezident Derejesinde Sapar Guralýar
Fransiýanyň Prezidenti Makron, Gazagystanda Saparda Boldy