Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş instituty makroykdysadyýet boýunça IV Açyk halkara internet-olimpiadasynyň ýeňijilerini yglan etdi.Bäsleşik Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň goldamagynda ýokary okuw mekdep tarapyndan geçirildi.
Olimpiada 10 ýurduň, şol sanda Türkmenistanyň, Russiýanyň, Belarusuň, Ermenistanyň, Täjigistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň, Germaniýanyň we Pakistanyň ýokary okuw mekdepleriniň 36-syndan talyplaryň 135-si gatnaşdy.Olimpiada şahsy bäsleşik görnüşinde geçdi.
Eminleriň düzümine gatnaşyjy ýurtlaryň ylym-bilim edaralarynyň wekilleri hem-de ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary girdiler.Olimpiadanyň netijeleri boýunça talyplaryň 62-si hormatly baýrakly orunlara mynasyp boldular.Olaryň 17-si birinji orun, 27-si ikinji we 18-si üçünji orunlary eýelediler.
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutyna, Türkmen döwlet energetika institutyna, Türkmen oba hojalyk institutyna, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetine hem-de Türkmen döwlet maliýe institutyna wekilçilik eden türkmen talyplary 16 sany baýrakly orunlaryň 3 sany birinji, 7 sany ikinji we 6 sany üçünji orunlaryň eýeleri boldular.
Rus ýokary okuw mekdeplerinden hem ýeňijileriň we baýrak eýeleriniň 16-sy kesgitlendi, ol bilim ojaklary Powolžsk döwlet serwis uniwersiteti, Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Rus halk hojalygy we döwlet gullugy akademiýasy, Russiýanyň ilkinji Prezidenti B.N.Ýelsin adyndaky Ural federal uniwersiteti, Kazan (Priwolžsk) federal uniwersiteti hem-de G.W.Plehanow adyndaky Rus ykdysadyýet uniwersiteti boldy.
Olimpiadada 8 sany baýrakly orunlary eýelän Gyrgyzystanyň talyplary hem-de hasaplarynda 6 sany baýrakly orun bolan Özbegistandan gatnaşyjylar tapawutlandylar. Şeýle hem Gazagystanyň, Ermenistanyň, Belarusuň, Pakistanyň we Germaniýanyň talyplary ýeňijileriň hataryna girdiler.
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş instituty makroykdysadyýet boýunça IV Açyk halkara olimpiadasynyň ýeňijilerini gutlady hem-de halkara bilim hyzmatdaşlygyny ösdürmek, dostlukly gatnaşyklary berkitmek we ýaşlaryň ylym we döredijilik kuwwatyny ösdürmek üçin mümkinçilikleri giňeltmek boýunça bilelikdäki tagallalary ýüze çykaran bäsleşige uly gyzyklanma bildirip işjeň gatnaşandyklary üçin hemmelere hoşallyk bildirdi.
