“Malaý” gaz känindäki täze gaz gysyjy desga işe girizildi

15-nji ýanwarda Lebap welaýatyna iş saparynyň çäklerinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Çärjew etrabynyň “Malaý” gaz känindäki täze gaz gysyjy desganyň açylyş dabarasyna gatnaşdy.

Hut şu ýerde, nebitiň we gazyň iri ýataklarynyň üsti açylan gündogar sebitde Türkmenistan-Hytaý transmilli gaz geçirijisi başlanýar. Bu desgada Ýewraziýa yklymynyň halklaryny müňýyllyklaryň dowamynda baglanyşdyran Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeltmek baradaky pikir öz beýanyny tapýar.

Bu energiýa geçirijisi XXI asyryň ägirt uly inžener-tehniki desgalarynyň biridir. Halkara gatnaşyklarynyň tejribesinde bu taslama hoşmeýilli erk-islegiň, netijeli hem-de oňyn döwletara hyzmatdaşlygynyň ajaýyp nusgasyna öwrüldi.

Mälim bolşy ýaly, gaz geçirijisine tebigy gazyň eksport akymlary çig mal çeşmeleriniň birnäçesinden amala aşyrylýar. Şolaryň hatarynda Garagumuň günortasynda, Lebap welaýatynyň edara ediş merkezi Türkmenabat şäherinden, takmynan, 70 kilometrlikde ýerleşýän “Malaý” gaz ýatagy hem bar.

Dabara Mejlisiň deputatlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, daşary ýurtlaryň kompaniýalarynyň, ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary, pudagyň işgärleri gatnaşdylar.

Sebit ähmiýetli täze desga

Hormatly Prezidentimiz çykyş edip, ýygnananlary hem-de tutuş türkmen halkyny täze, 2021-nji Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň ilkinji günlerinde şu günki taryhy ähmiýetli waka Malaý käninde gurlan döwrebap gaz gysyjy desganyň açylyp, ulanmaga berilmegi bilen tüýs ýürekden gutlady.

Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, Garagum sährasynyň Lebap welaýatyna degişli çäginde ýerleşýän Malaý ýatagyndan indi köp ýyllardan, ýagny 1986-njy ýyldan bäri tebigy gaz çykarylyp gelinýär.Bu toplum ýurdumyzyň diňe bir gündogar welaýatynyň ilatly ýerlerini, şeýle hem dürli maksatly desgalary mawy ýangyç bilen üpjün etmän, eýsem, asyrymyzyň iri taslamasy bolan TürkmenistanÖzbegistanGazagystanHytaý transmilli gaz geçirijisine hem harytlyk önüm berýär.

Bu halkara energiýa magistraly bilen Malaý känini uzynlygy 188 kilometr bolan MalaýBagtyýarlyk gaz geçirijisi birleşdirýär.

Bu ýerde guýularyň önüm berijiligini artdyrmakda, käniň tebigy gaz goruny has doly peýdalanmakda işe girizilýän täze desganyň ähmiýeti örän uludyr. Täze gurlan desganyň A we B önümçilik sehleri bolup, A sehiniň wezipesi Malaý gaz känini doly özleşdirmekden ybaratdyr. B sehi bolsa, Galkynyş we Döwletabat känleriniň gazyny Malaý Bagtyýarlyk gaz geçirijisine ýokary basyş bilen akdyrmaga niýetlenendir.

Bu täze desgada dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalary tarapyndan öndürilen 6 sany kuwwatly gaz gysyjy enjamlar toplumy oturdyldy. Şol enjamlar kämil awtomatlaryň we kompýuterleriň üsti bilen dolandyrylýar.

Ýylda üstünden 30 milliard kub metre çenli tebigy gazy geçirmäge ukyply bolan desgada ygtybarly enjamlar hem-de öňdebaryjy tehnologik çözgütler ornaşdyryldy.

Umumy meýdany 12 gektara golaý bolan täze beketde gaz gysyjy enjamlar toplumyndan başga-da, sowadyjy we arassalaýjy desgalar, ýokary hem-de pes basyşly fakel hojalygy, azot we kislorod öndürýän stansiýa, ätiýaçdaky dizel elektrik stansiýasy ýerleşýär. Şonuň ýaly-da, bu ýerde merkezi dolandyryş operator hem-de mehaniki bejeriş we ýangyn howpsuzlyk binalary, edara binasy, ýangyna garşy suw howuzlary göz öňünde tutuldy.

Döwrebap desganyň işe girizilmegi bilen 60-a golaý täze iş orny dörär.

Biz eziz Diýarymyzda şular ýaly iri desgalaryň gurluşygynda ekologiýa talaplaryna, döwrebap innowasiýalara, ösen tehnologiýalara möhüm ähmiýet berýäris.Hut şunuň netijesinde hem, daşary ýurtly hyzmatdaşlarymyz bilen bilelikde gurýan iri senagat, nebitgaz we himiýa önümçiliklerimiz abraýly halkara guramalarynyň ýokary hil derejesine, innowasion çözgütlerine hem-de ekologiýa talaplaryna doly laýyk gelýändigi baradaky güwänamalaryna mynasyp bolýar.

Munuň özi, elbetde, buýsandyryjy ýagdaýdyr diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz açylyp, ulanmaga berilýän iri senagat desgasynyň hem diňe bir biziň häzirki ösüşlerimize mynasyp goşant goşmak bilen çäklenmän, eýsem, geljekki nesillerimize hem uzak ýyllaryň dowamynda ygtybarly hyzmat etjekdigine ynam bildirdi.

Hytaý kompaniýasy özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýar

Soňra “CNPC International Turkmenistan” kompaniýasynyň baş direktory jenap Li Şulýana söz berildi. Ol Hytaýyň milli nebit-gaz korporasiýasynyň işgärleriniň adyndan ýygnananlary “Malaý” gaz käninde täze gaz gysyjy desganyň üstünlikli ulanmaga berilmegi bilen tüýs ýürekden gutlady.

Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiziň ýakyndan goldaw bermegi bilen amala aşyrylan bu iri taslama şol gaz käniniň ikinji tapgyryna täze mümkinçilikleri açýar. Munuň özi bolsa gaz pudagynyň önümçilik kuwwatlyklaryny artdyrmaga we degişlilikde, Türkmenistanyň dünýäniň nebitgaz bazarynda eýeleýän ornuny pugtalandyrmaga ýardam eder.

“Malaý” gaz käniniň golaýynda “Bagtyýarlyk” şertnamalaýyn çäk ýerleşýär. Şol ýerde 2009-njy ýylyň 14-nji dekabrynda Türkmenistanyň Prezidentiniň, Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygynyň, Özbegistanyň we Gazagystanyň Prezidentleriniň gatnaşmagynda gadymy Beýik Ýüpek ýolunyň häzirki döwürdäki aýdyň beýanyna öwrülen Merkezi Aziýa-Hytaý gaz geçirijisini resmi taýdan işe girizmek dabarasy boldy.

Häzirki wagta çenli “Türkmengaz” döwlet konserni we “CNPC International Turkmenistan” kompaniýasy tarapyndan işlenip taýýarlanylýan ýataklardan hyzmatdaşlaryň bilelikdäki tagallasy bilen, Ýuwaş ummanynyň kenaryna çenli tebigy gazyň jemi 290 milliard kub metri iberildi.

Tebigy gazyň gorlary boýunça Merkezi Aziýada birinji orna we dünýäde dördünji orna eýe bolan Türkmenistan dünýäniň energetika döwletidir. Nebitgaz ulgamynda ählumumy we sebit derejesindäki hyzmatdaşlykda Türkmenistana möhüm orun degişlidir diýip, myhman aýtdy.

Şunuň bilen baglylykda, “CNPC International Turkmenistan” kompaniýasynyň ýolbaşçysy hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli syýasatyna ýokary baha berdi. Milli Liderimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň nebitgaz pudagyny ösdürmekde ýokary depginler, uglewodorod serişdelerini gözlemekde we işläp taýýarlamakda, tebigy gazy daşary ýurtlara ibermekde hem-de gazhimiýa senagatynda ägirt uly üstünlikler gazanyldy.

Türkmenistanyň iň ygtybarly we uzak möhletli hyzmatdaşy hökmünde Hytaýyň milli nebitgaz korporasiýasy (CNPC) mundan beýläk-de tehnologik alyşmalary pugtalandyrmaga hem-de iki ýurduň halklarynyň bähbidine nebitgaz pudagynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýardyr diýip, jenap Li Şulýan aýtdy.

Gije-gündiziň dowamynda 45 million kub metr gazy akdyrar

Soňra ýygnananlara Türkmenistana bagyşlanan hem-de ýurdumyzyň nebitgaz senagatynyň kuwwaty ösüşiniň esasy ugurlary, gaz gysyjy desga barada gürrüň berýän wideofilm hödürlenildi.

Ine-de, esasy pursat ýetip gelýär. Hormatly Prezidentimiz bu ýere ýygnananlaryň el çarpyşmagynda sensor panelindäki ýörite “goýberiş düwmesine” basyp, gaz gysyjy bekedi ulanyşa girizýär.

Zalda oturdylan uly monitorda şol pursatda görkezilip duran tehnologiki gurluşda bu ýerden ugradylan harytlyk gazyň magistral gaz geçiriji ulgama baryp gowşandygyny aňladýan görkezijiniň yşygy işläp başlaýar.

Bu taslama “Türkmengaz” döwlet konserni tarapyndan daşary ýurtly hyzmatdaşlar -“Petro Gas LLP” (Beýik Britaniýa) bilen bilelikde amala aşyryldy. Gaz gysyjy enjamlar dünýäde meşhur “Dresser-Rand S.A.” kompaniýasy (Fransiýa) tarapyndan getirildi.

Gije-gündiziň dowamynda 45 million kub metr gazy akdyrmaga niýetlenen enjamlaryň her biriniň kuwwaty 32 MWt barabardyr.

Soňra milli Liderimiz şu günki wakadan ýadygärlik hökmünde Hormatly myhmanlaryň kitabynda ýadygärlik ýazgy galdyrýar.

Bekediň hünärmenleri işgärleriň zähmet çekmegine amatly şertler döredilen gazhimiýa pudagynyň döwrebap önümçilik desgasynyň bina edilendigi üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Watanymyzyň bähbidine ak ýürekden zähmet çekjekdiklerine ynandyrdylar.

Döwlet Baştutanymyz toplumyň işgärlerine işlerinde üstünlikleri arzuw edip, olara täze awtoulaglaryň açarlaryny gowşurdy.

The post “Malaý” gaz känindäki täze gaz gysyjy desga işe girizildi appeared first on Zaman Türkmenistan.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan gaz pudagynyň tehniki kuwwatyny artdyrýar
15.01.2021 | Türkmenistan gaz pudagynyň tehniki kuwwatyny artdyrýar
Türkmenistan gaz pudagynyň tehniki kuwwatyny artdyrýar
MALAÝ GAZ KÄNINDÄKI GAZ GYSYJY DESGASYNYŇ IŞE GIRIZILMEGI
СДАЧА В ЭКСПЛУАТАЦИЮ ГАЗОКОМПРЕССОРНОЙ СТАНЦИИ НА МЕСТОРОЖДЕНИИ МАЛАЙ - ПРОДОЛЖАЕТСЯ РАЗВИТИЕ ЭКСПОРТНОГО ПОТЕНЦИАЛА ГАЗОВОЙ ОТРАСЛИ ТУРКМЕНИСТАНА
Türkmenistanda Halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi