Malaýziýa BMG-niň Adam hukuklary boýunça geňeşine saýlandy

Malaýziýa BMG-niň Adam hukuklary boýunça geňeşine saýlandy

BMG-niň Baş Assambleýasy Malaýziýany 2022-nji ýyldan 2024-nji ýyla çenli üç ýyllyk möhlet bilen BMG-niň Adam hukuklary boýunça geňeşiniň agzasy hökmünde saýlady. BERNAMA agentliginiň habar bermegine görä, Malaýziýanyň bu organda agzalygyna 183 wekil ses berdi. Muny TASS ýetirýär.

Agentligiň maglumatlaryna görä, Malaýziýa BMG-niň Adam hukuklary boýunça geňeşiniň üçünji gezek agzasy boldy. Ol bu organa 2006 2009-njy we 2010 2013-nji ýyllarda hem saýlandy.

Saýlama bäsdeşlik bolmazdan geçirildi, Geňeşe 18 dalaşgäriň hemmesi saýlandy. Malaýziýadan başga-da, bular ABŞ, Kamerun, Eritreýa, Gambiýa, Benin, Somali, Katar, BAE, Gazagystan, Hindistan, Argentina, Paragwaý, Gonduras, Lýuksemburg, Finlýandiýa, Litwa we Çernogoriýa. Umuman, BMG-niň Adam hukuklary boýunça geňeşine 47 ýurt girýär, olaryň üçden bir bölegi her ýyl gaýtadan saýlanýar.

Ýene degişli makalalar

Nigeriýada 2,3 Million Çaga Sanjymlandy
Türkmenistan global terrorizm reýtinginde iň howpsuz ýurt diýlip ykrar edildi
Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sammiti Gambiýada geçiriler
10.05.2017 | Türkmen türgenleri IV Yslam raýdaşlyk oýunlaryna gatnaşmak üçin Baku şäherine geldiler