Malaýziýada 6,5 müňden gowrak adam sil joşmasy sebäpli öýsüz galdy

Malaýziýada 6,5 müňden gowrak adam sil joşmasy sebäpli öýsüz galdy

Güýçli çabgalar zerarly dörän sil joşmalary düýn, ýekşenbede Malaýziýanyň dört ştatynda 6,5 müňden gowrak adamy ýaşaýan öýlerini terk etmäge mejbur etdi. Bu barada Sinhua habarlar gullugyna salgylanýan Belta.by saýty ýazýar.

Ýagdaý has-da gündogar kenarýakadaky Kelantan we Terengganu ştatlarynda ýaramazlaşdy, ol ýerlerde 6370 adam sil joşmalaryndan ejir çekenlere kömek bermek boýunça merkezlerde ýerleşdirildi diýip, ýurduň Durmuş üpjünçiligi ministrligi habar berdi.

Malaýziýanyň meteorologik gullugy adatça oktýabrdan marta çenli dowam edýän demirgazyk-gündogar musson ýagyşlary sebäpli, güýçli ýagynlaryň ýagjakdygyny duýdurdy.

Şeýle-de okaň:

Ýene degişli makalalar

Hindistanda dini çäre wagty 300 adam iýmit zäherlenmesinden ejir çekdi
Mongoliýada ýazky daşgynlaryň bolup biljekdigi barada duýduryş çap edildi
Wan I Hytaýyň daşary işler ministri wezipesine bellendi
Şri-Lankada ýöriş wagty azaşan 180 talyp halas edildi
Somalide 1,7 million adam silden ejir çekdi
Türkiýede ýolagçy awtobusy jara, Pakistanda jülgä gaçdy