Malaýziýanyň Premýer-ministriniň motoulag sowgady TIIM-niň Sport ulag merkezine gowşuryldy

Malaýziýanyň Premýer-ministriniň motoulag sowgady TIIM-niň Sport ulag merkezine gowşuryldy

Malaýziýanyň Premýer-ministri Anwar Ibrahimiň resmi saparynyň dowamynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa sowgat beren “Honda” kysymly sport motoulagy Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Sport ulag merkezine gowşuryldy. Şu mynasybetli merkezde dabaraly çäre geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty ýekşenbe güni habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, Malaýziýanyň Premýer-ministri Anwar Ibrahim bu sport motoulagyny Gahryman Arkadaga hoşniýetli dostlugyň we çuňňur hormatyň nyşany hökmünde sowgat berdi. “Supersport 2024” tapgyrynda dünýä çempionatyna gatnaşan bu motosikl ozal malaýziýaly türgen Haýrul Idham bin Pawi tarapyndan dolandyryldy.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy özüne sowgat berlen motoulagy Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Sport ulag merkezine gowşurmak barada çözgüt kabul etdi. Habarda bellenilişi ýaly, bu ýerde sportuň, şol sanda motosportuň ösdürilmegine möhüm ähmiýet berilýär, Sport ulag merkeziniň maddy-enjamlaýyn binýady yzygiderli pugtalandyrylýar we ýaş türgenler üçin täze mümkinçilikler döredilýär.

Dabaranyň dowamynda Gahryman Arkadagyň Içeri işler ministrligine sowgat beren motoulaglarynyň sergisi guraldy. Onda Malaýziýanyň Premýer-ministri tarapyndan sowgat berlen “Honda” motoulagyna aýratyn orun berildi. Şeýle hem motosport bilen meşgullanýan ýaşlar onuň tehniki mümkinçilikleri bilen tanyşyp, motoulagy türgenleşik meýdançasynda synagdan geçirdiler.

Malaýziýanyň Premýer-ministri Anwar Ibrahim 1819-njy iýunda Türkmenistana resmi sapar bilen geldi we Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen gepleşikleri geçirdi. Saparyň dowamynda söwda-ykdysady, energetika, ulag, maýa goýum we beýleki ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ýene degişli makalalar

Dostlukly gatnaşyklara sarpanyň nyşany
Türkmenistanyň Prezidenti Malaýziýanyň wekillerini kabul etdi
Gahryman Arkadagymyz Malaýziýanyň Premýer-ministriniň ýanyndaky Syýasy meseleler boýunça konsultatiw komitetiň başlygy bilen duşuşdy
Malaýziýanyň Premýer-ministri resmi sapar bilen Türkmenistana geler
Malaýziýanyň Premýer-ministriniň ýurdumyza resmi sapary başlandy
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň Premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi