Malide sil joşgunlarynda 77 adam pida boldy, 148 adam ejir çekdi

Malide sil joşgunlarynda 77 adam pida boldy, 148 adam ejir çekdi

Mali Respublikasyndaky güýçli sil joşgunlary sebäpli azyndan 77 adam heläk boldy, 148 adam şikes aldy. Bu barada Malijet portalyna salgylanýan Report habar berdi.

Habarda sil joşmalary netijesinde 264 648 ýaşaýjyly 48 müňe golaý öýüň harap bolandygy, adamlaryň 77-siniň pida bolandygy bellenýär.

Maliniň geçiş döwrüniň Premýer-ministri Çogel Kokalla Maiganyň sözlerine görä, köpsanly ýaşaýyş öýleri, mekdepler we infrastruktura binalary ýykyldy.

Şu ýyl Günbatar we Merkezi Afrikany gurşap alan sil joşmalarynda 4 million adam ejir çekdi. Tebigy heläkçilik esasan hem Nigeriýa, Çad, Mali, Gwineýa, Niger, Kamerun, Gana we Liberiýa ýaly ýurtlarda uly ýitgilere getirdi.

Hünärmenler ýykyp-ýumrujy sil joşmalarynyň sebäbini ählumumy howa üýtgeşmeleri bilen baglaýarlar.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanly talyplar Astrahanda geçirilen Hazarýaka ýurtlaryň VII halkara talyplar uniwersiadasynda üstünlikli çykyş etdiler
Nigeriýada Boko Haramyň 15 agzasy boýun egdi
Tramp 12 ýurduň raýatlaryna ABŞ girmegini gadagan etdi; ýedi ýurduň, Türkmenistanyň hem raýatlaryna bölekleýin çäklendirme’ girizdi
EKKAS Gabonyň agzalygyny togtatdy
Trampyň ABŞ-a girişi 'bölekleýin çäklendirýän' buýrugy Türkmenistanyň raýatlaryna hem degişli
Afrikanyň Milletler kubogynyň çärýek final tapgyrynyň ähli jübütleri belli boldy