Maliýe we ykdysadyýet ministrligine 2027-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň taslamasyny taýýarlamak tabşyryldy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyndan” ugur alyp, Türkmenistanyň Býujet kodeksine laýyklykda, Türkmenistanyň 2027-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň, Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň esasy ugurlarynyň we “Türkmenistanyň maýa goýum Maksatnamasynyň” taslamalaryny öz wagtynda taýýarlamak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.

Resminama laýyklykda, Maliýe we ykdysadyýet ministrligine: Türkmenistanyň 2027-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň, Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň esasy ugurlarynyň we “Türkmenistanyň maýa goýum Maksatnamasynyň” taslamalaryny taýýarlamak işlerini guramak we olary 2026-njy ýylyň 1-nji noýabryna çenli Ministrler Kabinetine bermek; ýokarda görkezilen taslamalary taýýarlamak üçin hasaplama görnüşlerini we usulyýet görkezmelerini ministrliklere, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna, welaýatlaryň, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň häkimliklerine 2026-njy ýylyň 1-nji iýunyna çenli ibermek; bu taslamalary taýýarlamak üçin hünärmenlerden ybarat iş toparyny döretmek we onuň işini netijeli guramak tabşyryldy.

Ýene degişli makalalar

Maliýe we ykdysadyýet ministrligine 2027-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň taslamasyny taýýarlamak tabşyryldy
Öýlere baýdak asmaklyk talap edilýär, iri sosial hasaplar 'baýdak wideolary bilen çaýkalýar'
Pagtaçylykdaky mejbury zähmet maýda, 'ýekeleme döwründen ulanylyp başlandy'
Balkandaky nagt ýetmezçiligi 'bankomatlarda gaýtalanýan näsazlyklardan' görülýär
'Ägä boluň!': Daşoguzda iş sorap, 'hilegärleriň duzagyna düşen ýaşaýjylar' işsizlige çözgüt soraýar
Türkmen harbylary ýaragly güýçleriň düzüminden çykmakda kynçylyk çekýärler