Türkmen prezidenti 10-njy iýulda geçiren hökümet maslahatynda ýene bir gezek manat meselesine degip, onuň hümmetini durnukly saklamaga aýratyn üns bermelidigini nygtady, ýöne ýurtdaky maddy deňsizligiň esasy çeşmeleriniň biri’ hasaplanylýan ýasama durnuklylyk’ hakynda hiç zat aýtmady diýip, aşgabatly synçy raýatlaryň iki kurs’ gözboýagçylygynyň uzaga çekmeginden barha beter alada galýandygyny aýtdy.
Daşary ýurtda işläp, her aý maşgalasyna pul iberýän türkmen 'iki kursuň' hem özüni, hem ýurt içindäki hossarlaryny 'talaýandygyny' öňe sürdi.
Bu aladalar Türkmenistanyň, döwlet eýeçiligindäki metbugatyň maglumatyna görä, “Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky (ÝTÖB) bilen strategik hyzmatdaşlygy giňeldýän” wagtyna gabat geldi.
Wise-premýer, daşary işler ministri Raşid Meredow iýun aýynyň aýagynda geçirilen maslahatda ÝTÖB bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça edilýän işler barada gysgaça hasabat berdi, emma resmi habarda, adatça bolşy ýaly, hiç bir jikme-jiklik getirilmedi.
Iki kurs hem ýerli ilaty, hem daşary ýurt kompaniýalaryny 'köseýär'Habarçylarymyzyň we ýerli telekeçileriň aýtmaklaryna görä, ABŞ dollarynyň resmi we resmi däl kurslarynyň saklanyp galmagy, daşary ýurt walýutalarynyň erkin konwertasiýasynyň bolmazlygy diňe ýerli halk üçin däl, eksport-import amallary bilen meşgullanýan daşary ýurt kompaniýalary üçin hem uly kynçylyklary döredýär.
Türkmenistanda manadyň iki kursy ilkinji dolanyşyga girizilen aýlarynda döräp, dolandyryjy gatlagyň we olara ýakyn adamlaryň esasan oba, etrap ýerlerinde ýaşaýan ýönekeý adamlaryň hasabyna baýlyk toplamagyna getirdi we bu diňe şolar üçin gowy diýip, bir ýaşaýjy aýtdy.
“Hümmetini durnukly saklamak bahanasy bilen, manadyň häzirki iki kursunyň saklanmagy düýbünden ýalňyş. Kim bank hasabyndan konwertasiýa edip bilse, bu şolara peýda. Bank hasabyndan konwertasiýa etmek mümkinçiliginden diňe prezidentiň garyndaşlary we şolara ýakyn emeldarlar peýdalanyp bilýär. Adaty halk ol mümkinçilikden peýdalanyp bilmeýär” diýip, adynyň aýdylmagyny islemedik raýat aýtdy.
Türkmenistanyň Merkezi bankynda 1 ABŞ dollarynyň resmi bahasy 3,50 manat bolup, gara bazarda ortaça 19,50, 20 manat bahalanýar.
Walýutanyň iki kursy hususan-da ýurt içinde bejerip bolmaýan dertlere ýolugan raýatlar üçin howply bolup, köplenç maşgalalaryň uly bergi-borja batmagyna, kähalatda biwagt ölümiň hasratyny çekmegine sebäp bolýar.
Türkmen kanunlary 'ýa zor, ýa zer bilen işleýär'Habarçylarymyz bilen aýry-aýrylykda gürleşen raýatlaryň tassyklamagyna görä, Türkmenistanda kanunlar ýa zor, ýa zer bilen işledilýär’ we, daşary ýurtda bejergi alýan hassahanalaryna kanun esasynda, döwlet kursundan pul geçirdip bilmeýän adamlar köplenç para bermäge’ mejbur bolýar.
“Döwlet kursundan daşary ýurda pul geçirmäni gazanmak üçin, Saglyk ministrligine uly mukdarda para-peşgeş bermeli bolýar, soňra geçirim amalyny [amala] aşyrmakçy bolýan banka hem para bermeseň, pul wagtynda geçirilmän, ýakynlarynyň jesedini getirýän adamlar hem az däl” diýip, bir ýaşaýjy aýtdy we adamlaryň MHM repressiýasyndan gorkup, bu zatlar barada açyk gürläp bilmeýändigini öňe sürdi.
Onuň tassyklamagyna görä, telekeçileriň, iş açyp, önüm öndürmekçi bolýan adamlaryň arasynda hem, häkimiýetleriň aýry-aýry adamlara döredýän konwertasiýa mümkinçiliginden peýdalanyp bilmän, batýan, gaty kyn ýagdaýlara düşýän adamlar az däl.
Azatlyk ýurtda kanunlaryň işlemezligi, giň ýaýrandygy aýdylýan korrupsiýa esasynda kyn ýagdaýa düşýän telekeçiler, açylan we ýapylan iş ýerleri, gozgalan we gozgalmadyk jenaýat işleri barada gelýän maglumatlary resmi taýdan ne tassykladyp, ne-de inkär etdirip bilýär.
Anonimlik şertinde gürleşen telekeçi döwlet baştutanlarynyň iki kurs syýasatyny’ onuň halka berýän zyýanyny bilip, bilkastdan saklaýandyklaryny öňe sürdi.
Iki kurs jemgyýetdäki 'deňsizligi, adalatsyzlygy köpeldýär'Onuň sözlerine görä, iki kurs jemgyýetde baýlar we garyplar diýilýänleriň arasyndaky boşlugy ulaldýar we ýokary gatlagyň wekilleriniň özlerini we çagalaryny ýönekeý halkdan has ýokary diýip hasaplamagyna ýol açýar.
“Bularyň gözünde halk pes, iýjegini gaýgy etmeli adamlar” diýip, bir ýaşaýjy döwlet baştutanynyň halka deň gözde garamaýandygyny, häzirki güne çenli halk bähbitli ýekeje eden zadynyň ýokdygyny’ öňe sürdi.
Ol bu sözüni köp adamyň, ulularyň we çagalykdan ýaňy saýlanan oglan-gyzlaryň öz maşgalasynyň iýjek çöregini gazanmak üçin daşary ýurtlara gidip, kyn ýagdaýda zähmet çekmeli bolýandygy’ bilen delillendirdi.
Iki kurs’ syýasaty çagalaryny daşary ýurtlara okuwa ugradan ene-atalar üçin hem uly alada bolmagynda galýar.
“Studentlere her aýda 250 amerikan dollaryny hem aňsatlyk bilen geçirip bolmaýar, hökman bir ujunda para bolmaly. Ojagaz 250 dollar student çagalara näme bolýar? Netijede, okajak çagalar daşary ýurtlarda işläp, özlerini ekleýär, okuwyna ýetişmän, okaýan ýokary okuw jaýlaryndan çykarylmak howpy bilen ýüzbe-ýüz bolýar” diýip, student ogluna pul ibermekde kösenýän pedagog öz tejribesini paýlaşdy.
Onuň sözlerine görä, bu bilinmän edilýän iş däl.
“Bularyň maksady halky aç saklamak, halkyň ösmegine, ýaşlaryň bilim-düşünjelerleriniň artmagyna böwet bolmak. Bilimsiz, ylymsyz halk etmek bularyň maksady. Halky bir döwüm çöregiň gözleginden başga zada eli degmez ýaly etdiler” diýip, söhbetdeşimiz aýtdy.
Gymmat harytlaryň nyrhlaryny 'dollarda aýtmak tabşyrylýar'Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň (ÝTÖB) wekilleri geçen aý Aşgabada sapar edeninden soň, ýerli telekeçiniň tassyklamagyna görä, sosial ulgamlarda wagyz edilýän gymmatbaha harytlaryň, awtoulaglaryň, şaý-sepleriň bahasyny manatda däl-de, dollarda aýtmak tabşyryldy.
“20 müň dollarlyk harydyň bahasy 400 müň manat diýseler, bu döwlet kursunyň amalda ýöremeýändigini görkezýär. 1 dollaryň bahasynyň hakykatda 3,5 manat däl-de, 20 manada deňdigini gizläp saklamak mümkin däl, hökümet mejlislerinde getirilýän uly ösüşleri gülki” diýip, telekeçi aýtdy.
Onuň sözlerine görä, walýutanyň iki kursy halka zyýan, döwlet üçin peýda, döwlet 3,5 müň manat aýlyk berýän, bu müň dollar’ diýip, dünýäni aldaýandyryn öýdýär.
“3,5 müň manat hakykatda 150 dollar bolýar, bu ýokary zähmet haky aslynda hiç zada ýetmeýär” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.
Merkezi bankda işleýän hünärmeniň (ady redaksiýada saklanýar) habarçymyza aýtmagyna görä, iki kurs diňe aýratyn alnan adamlara hyzmat edýär, olar walýutany arzan alyp, halka 20 manatdan satyp, daşary ýurtlara pul geçirip, ýurda köp zyýan ýetirýärler, muny halk bilýär’.
“Gurbangulynyň ýegenleri döwlet kursundan milýonlap dollar alyp çykyp bilýär, ne başlyk, ne bölüm başlygy garşylyk bildirýär. Olaryň daşary ýurtlar bilen edýän pul geçirimleriniň hasaby ummasyz, nädip ykdysadyýet düzelsin, söz başga, iş başga. Prezident düzetjek bolsa, öz töwereginden başlamaly. Garyndaşlary 1 milýon dollarlyk ulaglary münýär, halk 30 dollar möçberindäki pensiýa bilen oňmaly bolýar” diýip, bank hünärmeni aýtdy.
Ýurtdaky maglumat ýapyklygy, resmileriň garaşsyz neşirlere hiç bir düşündiriş bermezligi, bank amallarynyň, ýokary gatlagyň wekilleriniň emläkleriniň gizlin saklanylmagy, aýdyňlygyň bolmazlygy sebäpli, Azatlyk bu aýdylýanlary resmi taýdan tassykladyp-da, inkär etdirip-de bilmeýär.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
