“Mançester Siti” bilen PSŽ “A”, “Bawariýa” bilenem “Barselona” “E” toparçada

Az salym öň UEFA Çempionlar ligasynyň 2021/22 möwsüminiň toparçalarynyň bijeleri çekildi.Stambulda geçirilen bije çekiliş dabarasynda 32 klub 8 toparça paýlandy.Gatnaşýan 32 klub 15 ýurda wekilçilik edip, olaryň arasyndan Moldowanyň “Şerif” topary ilkinji gezek gatnaşýar.

Ol Çempionlar ligasynda çykyş etjek 147-nji klub bolup, Moldowa hem bu ýaryşda klub ugradan UEFA-nyň 34-nji agzasy boldy.

Futbolyň iň uly klub bäsleşigi hasaplanýan ýaryşyň UEFA Çempionlar ligasy ady bilen geçirilip 30-njy, umumylykda 67-nji möwsümi bolar.Gatnaşýan toparlaryň 5-si Ispaniýadan bolup, “La Liganyň” toparlary 2015/16 möwsüminde-de 5 klub bilen wekilçilik edipdi. Şonuň ýaly Angliýadan hem 2017/18 möwsüminde birbada 5 topar gatnaşypdy. Şu möwsümde dört şäheriň (Milan, Madrid, Mançester, Lissabon) hersinden iki klub çykyş eder.

Çekilen bijä laýyklykda futbol janköýerlerine “Mançester Siti”PSŽ, “Atletiko”“Liwerpul”, “Liwerpul”“Milan”, “Inter” “Real Madrid”, “Bawariýa”“Barselona”, “Çelsi”“Ýuwentus” ýaly biri-birinden çekeleşikli, gyzykly dartgynly duşuşyklar garaşýar.

Toparçadaky duşuşyklar 14-15-nji sentýabrda, 28-29-njy sentýabrda, 19-20-nji oktýabrda, 2-3-nji noýabrda, 23-24-nji noýabrda hem-de 7-8-nji dekabrda oýnalar.

UEFA Çempionlar ligasynyň final duşuşygy geljek ýylyň maý aýynda Russiýanyň Sankt-Peterburg şäherindäki “Gazprom Arena” stadionynda oýnalar.

“A” TOPARÇA

“Mançester Siti”

“Pari Sen Žermen”

“Leipsig”

“Klub Brýugge”

“B” TOPARÇA

“Atletiko Madrid”

“Liwerpul”

“Porto”

“Milan”

“C” TOPARÇA

“Sporting”

“Borussiýa Dortmund”

“Aýaks”

“Beşiktaş”

“D” TOPARÇA

“Inter”

“Real Madrid”

“Şahtýor Donesk”

“Şerif Tiraspol”

“E” TOPARÇA

“Bawariýa”

“Barselona”

“Benfika”

“Dinamo Kiýew”

“F” TOPARÇA

“Wilýarreal”

“Mançester Ýunaýted”

“Atalanta”

“Ýang Boýz”

“G” TOPARÇA

“Lill”

“Sewilýa”

“RB Salsburg”

“Wolfsburg”

“H” TOPARÇA

“Çelsi”

“Ýuwentus”

“Zenit”

“Malmö”

Ýene degişli makalalar

“Çekilen Ýerlerimizi Yzyna Alarys”
16 duşuşyk 48 gol
UEFA Çempionlar Ligasynda 2-nji hepdäniň duşuşyklary geçirildi
Gyrgyzstanda Gelen Sil Ýitgi Çekilmegine Sebäp Boldy
Gruziýada Dartgynlyga Sebäp Bolan Kanun Taslamasy Yzyna Çekildi
ABŞ-nyň Esgerleriniň Siriýadan Çekilmegi Hakyndaky Taslama Kabul Edilmedi