Mary ― Türkmenabat ýolunyň ugrundaky awtoulaglara ýangyç guýujy beketleriň biri abatlanyldy

Mary ― Türkmenabat ýolunyň ugrundaky awtoulaglara ýangyç guýujy beketleriň biri abatlanyldy

TNGIZT-niň Türkmennebitönümleri Baş müdirliginiň Baýramaly nebit önümleri kärhnasynyň hünärmenleri Mary-Türkmenabat şäherara ýolunyň ugrunda ýerleşen №191 belgili AÝGB-ni abatlap, işe girizdiler.

Bu barada Türkmenistanyň Nebitgaz toplumynyň resmi saýty habar berýär.

Beketde gurluşyk-gurnama işlerini Marygurluşyk önümçilik birleşiginiň №7 gurluşyk-gurnama müdirliginiň hünärmenleri ýerine ýetirdiler.

Bu AÝGB-de täze, döwrebap ýangyç-paýlaýjy kolonkalar hem-de enjamlar oturdyldy. Şäherara ýolunyň ugrunda ýerleşen bekediň diňe bir ýangyç bilen üpjün etmek bilen çäklenmän, eýsem, hyzmatlaryň giň toplumyny hem hödürleýändigini belläp geçmelidiris.

Bu ýerde nagt hasaplaşyklar bilen bir hatarda, elektron kartlaryň üsti bilen nagt däl hasaplaşyklar hem ýola goýuldy. Hasaplaşyklaryň bu görnüşi hyzmatyň hilini ýokarlandyrmaga, müşderiler üçin amatly şertleri döretmäge mümkinçilik berýär.

Köpugurly, ýokary tehnologik hyzmatlary hödürleýän bu AÝGB bir günde 650 awtomobile hyzmat etmäge ukyply. Sarp edijiler üçin benziniň we dizel ýangyjynyň dürli görnüşleri hödürlenilýär. AÝBG hyzmatyň hilini ýokarlandyrmak babatda elmydama iş alyp barýar.

Häzirki wagtda kärhananyň düzüminde awtomobillere ýangyç guýujy 15 sany beket hereket edip, olaryň aglabasy esasy awtomobil ýollarynyň ugrunda ýerleşendir.

Ýene degişli makalalar

Türkmenabadyň “ünsden düşürilýän” köçelerinde çukurlar köpelýär
Lebapda käbir COVID çäklendirmeleri gowşadylýar
Türkmenabatda awtobanyň gurluşygyna çagyl daşaýan wagonlar agdy
Aşgabat-Türkmenabat awtobanynyň ikinji tapgyrynyň gurluşygyna badalga berildi
Lebapda bir aýlap Berdimuhamedowyň saparyna taýýarlyk görülýär
Lebapda hereket çäklendirmeleriniň gerimi güýçlendirilýär, ilata köpçülikleýin sanjym edilýär