Mary we Horasan-Rezewi welaýatlarynyň arasynda hyzmatdaşlygy ösdürmek maslahatlaşyldy

Mary we Horasan-Rezewi welaýatlarynyň arasynda hyzmatdaşlygy ösdürmek maslahatlaşyldy

2025-nji ýylyň 18-nji noýabrynda Türkmenistanyň Eýran Yslam Respublikasyndaky (Maşat ş.) Baş konsuly Guwançmyrat Ataýew bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Horasan Rezawi welaýatynyň häkimi Golamhosseýn Mozaffariniň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşykda taraplar Türkmenistanyň Mary welaýaty bilen EYR-nyň Horasan Rezawi welaýatynyň arasyndaky Ykdysady, söwda, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça özara düşünişmek baradaky Ähtnamanyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösdürilmegindäki orny barada nygtadylar. Şeýle hem, iki ýurduň welaýat häkimleriniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetleriň özara saparlarynyň amala aşyrylmagynyň hem-de saparyň çäklerinde sergileriň we medeniýet işgärleriniň çykyşlarynyň guralmagynyň ähmiýetini bellediler.

Mundan başga-da Türkmenistan bilen Eýran Yslam Respublikasynyň arasyndaky söwda-ykdysady, ulag-üstaşyr, ylym-bilim, sport we saglygy goraýyş ulgamy bilen bagly meseleler ara alyp maslahatlaşyldy.

Çeşme: Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi

Ýene degişli makalalar

Maşatda Türkmenistanyň we Eýranyň işewür toparlarynyň duşuşygy geçirildi
Eýran bilen Türkmenistanyň telekeçileri söwda mümkinçiliklerini giňeltmegi maslahatlaşdylar
Eýranyň telewideniýesi YHG-niň Aşgabatda geçen sammitine bagyşlanan dokumental filmi görkezdi
Aşgabatda Türkmenistan ― Eýran gatnaşyklarynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan dabara geçirildi
Türkmenistanda Eýranologiýa makalany ýazmak bäsleşiginiň ýeňijilerini bellemek
Aşgabatda Türkmenistan bilen Eýranyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy bellenildi