Mary welaýatynda täze ulag barlag merkezi açyldy

Mary welaýatynda täze ulag barlag merkezi açyldy

Mary welaýatynyň Tagtabazar etrabynyň Tagtabazar şäherçesinde Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Mary welaýat Polisiýa müdirliginiň Tagtabazar etrap polisiýa bölüminiň polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugynyň awtoulaglaryň tehniki ýagdaýyny anyklaýyş we hasaba alyş toparynyň täze edara binasy açylyp ulanmaga berildi. Bu barada Türkmenistan gazetiniň şu günki sanynda habar berilýär.

Açylyş dabarasynda tapawutlanan gurluşykçylara gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy. Awtoulaglaryň tehniki ýagdaýyny anyklaýyş we hasaba alyş toparynyň täze edara binasynda ornaşdyrylan enjamlar ekologik talaplaryň berjaý edilişini barlamaga, dolandyryş ulgamynyň tehniki ýagdaýyna, tizligi dolandyrmak, gözegçilik datçikleriň işleýşine, yşyklandyryşyň we tormoz ulgamynyň hyzmatlaryna baha bermäge mümkinçilik berýär diýlip habarda bellenilýär.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanda adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekil Adalatçynyň işi we ýurtda adam hukuklary babatda ýagdaýyň 2025-nji ýylyň jemi boýunça maglumaty
Aždarhanyň öýüniň dördünji möwsümi iň ahyrky bolar
Türkmenistanda bankomatlar ne kadaly işleýär, ne-de olarda pul tapdyrýar
Dürli halklardaky yrym-ynançlar
Azlyklaryň öz dillerinde okamak hukuklary-da, özleri-de agzalmaýar - synçy
Beketlerde emele gelýän awtoulag nobatlary birnäçe sagatlap dowam edýär, benzin gytçylygy ýitileşýär
Maryda ownuk mal gymmatlady