Mary welaýatynyň edara-kärhanalary ýowar geçirip, arassaçylyk işlerini güýçlendirýär

Mary welaýatynyň edara-kärhanalary ýowar geçirip, arassaçylyk işlerini güýçlendirýär

Şu günler Mary welaýatynda köpçülikleýin ýowarlar geçirilip, býujet işgärleri arassaçylyk we abadanlaşdyryş işlerine çekilýär. Şeýle çäreler Türkmenistanda köplenç döwlet baştutanynyň sebitlere amala aşyrýan saparlarynyň öňüsyrasynda batlanýar.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeş bolýan ýerli ýaşaýjylar arassaçylyk işleriniň depginine esaslanyp, Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ýa-da Halk maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Mary welaýatyna sapar etmegine garaşylýandygyny aýdýarlar.

“Sebit merkezinde köp sanly ýaşaýyş jaýlarynyň üçekleri boýalýar, köçeleriň gyralaryndaky beton erňekler ýuwulýar, elektrik sütünlerine oturdylan çyralar çalşyrylýar. Ýekşenbe güni dynç güni bolandygyna garamazdan, edara-kärhanalar öz işgärlerini köpçülikleýin ýowara çykardylar” diýip, bir býujet işgäri Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Jemagat hojalygy müdirliginiň işgärleri giç sagatlara çenli abadanlaşdyryş işlerine çekilýärler. Tozanly howa abatlaýyş işlerine, hususan-da boýag işlerine ýaramaz täsir edýär. Ýaňy bir boýag çalnan desgalara çaň siňýär.

Mundan ozal, sebitde soňky sapar 23-nji martda hem güýçli depginde köpçülikleýin ýowar geçirildi. Býujet işgärleri edara-kärhanalaryň ýerleşýän çäklerinde arassaçylyk we abatlaýyş işlerine çekildiler.

Şäheriň asfalt köçelerinde emele gelen çukurlar ýamalýar, şol sanda şäheriň iň gatnawly köçeleriniň biri bolan Altyn asyr (Obýezdnoý) köçesi hem gaýtadan ýapylyp, ol ýerde hem abatlaýyş işleri dowam etdirilýär.

Ýatlasak, Azatlyk Radiosynyň habarçylary fewral aýynda Marynyň Altyn asyr köçesiniň Garaşsyzlyk köçesi bilen kesişýän ýerinden başlap, Halkara howa menziline çenli bolan böleginiň wagtlaýyn ýapylandygyny habar berdiler.

“Abatlanan köçe gysga wagtyň içinde ýene-de zaýalandy, şonuň üçin gaýtadan ýapyldy. Ol ýerde işgärler gijesi bilen işledilýärler” diýip, bir ýerli ýaşaýjy Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Býujet işgärleriniň sözlerine görä, duşenbe güni (1-nji aprelde) ministrlikleriň işgärleriniň Aşgabatdan Mary sebitine ugradylmagyna garaşylýar.

“Ýöne Berdimuhamedowlaryň haçan geljegi aýdylmaýar” diýip, býujet işgärleri aýdýar.

Ýaňy-ýakynda geçirilen hökümet mejlisine görä, aprel aýynyň dowamynda Aşgabat Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Tejen Mary böleginiň açylmagyna garaşylýar. Döwlet mediasy ýanwar aýynda awtobanyň degişli böleginde gurluşyk işleriniň tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýandygyny habar berdi.

600 kilometr töweregi uzynlygy bolan Aşgabat Türkmenabat awtobanynyň gurluşygyna 2019-njy ýylda badalga berildi. Ilkibaşda, ýoluň Tejen Mary böleginiň 2022-nji ýylyň dekabryna çenli ulanylmaga berilmegi göz öňünde tutulypdy. Ýöne gurluşyk işleriniň möhleti uzaga çekdi.

Hökümet mejlisine görä, aprel aýynda Mary şäherinde durky täzelenen Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkeziniň hem açylyş dabarasyna garaşylýar.

Şeýle-de, döwlet mediasyna görä, ýakyn günlerde Oraza aýynyň Gadyr gijesiniň hormatyna ýurduň ähli welaýatlarynda, şol sanda Mary welaýatynda hem täze metjitleriň açylmagyna garaşylýar.

“Welaýatda arassaçylyk işleri hökman Aşgabatdan barlag gelende edilýär. Häkimligiň işgärleri köçelere aýlanyp, işleriň barşyna gözegçilik edýärler. Welaýat häkimi öz awtoulagynda abatlaýyş işleriniň geçirilýän ýerlerine aýlanýar” diýip, şäher ýaşaýjylary aýdýarlar.

Türkmenistanda döwlet ýolbaşçylarynyň sebitlere amala aşyrýan saparlarynyň öňüsyrasynda arassaçylyk we abadanlaşdyryş işleri ýaýbaňlandyrylýar. Jemagat hojalygy müdirlikleriniň işgärleri sebit merkezlerindäki arassaçylyk işleriniň depginini ýokarlandyrýarlar.

Azatlyk Radiosy Mary welaýatynda ýekşenbe güni geçirilen ýowarlar boýunça ýerli häkimlikden teswir alyp bilmedi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanda häkimiýetlere durmuş şertlerinden şikaýat edýän köpelýär
Mekdeplerde we çagalar baglarynda Täze ýyl oturylyşyklary ýatyryldy
Maryda býujet işgärleriniň gatnaşmagynda köpçülikleýin ýowar geçirildi
Diňle: Maryda býujet işgärleriniň gatnaşmagynda köpçülikleýin ýowar geçirildi
Okuwçylardan mekdep hajathanasyny täzelemek üçin pul ýygnalýar
Türkmenistanda itler öldürilýär, raýatlar Oraza aýynda haýwanlara rehim etmäge çagyrýar