Maryda “Altyn Asyr” arkaly jaň etmek, SMS ibermek, Internetden peýdalanmak kynlaşdy

Maryda “Altyn Asyr” arkaly jaň etmek, SMS ibermek, Internetden peýdalanmak kynlaşdy

Türkmenistanda ýurduň ýeke-täk mobil operatory bolan "Altyn Asyr" öýjükli aragatnaşyk ulgamynyň hyzmatlarynyň hili ýene ýaramazlaşdy. Şu günler Mary welaýatynyň ýaşaýjylary telefon jaňlarynyň hiliniň we Internetiň tizliginiň juda peselendigini aýdýarlar. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 3-nji noýabrda sebitden maglumat berdi.

“Adamlar beýleki abonente jaň etmek üçin, onuň belgisine azyndan 10-12 gezek aýlamaly bolýarlar. Iň ýaman ýeri bolsa, jaň gidirip, ýaňy gürleşip başlaýaň welin, dessine ara kesilýär. Biz zordan salamlaşyp ýetişýäris. Aýtjak-diýjek zatlarymyzy aýdyp ýetişmänkäk ses kesilýär” diýip, maryly ýaşaýjy anonimlik şertinde habarçymyza gürrüň berdi.

Marylylar bu ýagdaýlar bilen yzygiderli, günde ençeme gezek ýüzbe-ýüz bolýarlar. Kähalatda ýaşaýjylaryň jaň edýän abonenti “öçürilmedik” bolsa-da, “öçürilendigi” aýdylýar.

“Diňe jaň etmekde däl-de, eýse SMS hatlaryny ibermekde hem kynçylyk çekýäris. SMS ugratmakçy bolsaň, şol bir SMS-i yzygiderli 6-7 gezek ibermeli bolýar. Bir sapar ugratsaň barman hem bilýär. Köplenç häzirki ýazýan SMS-iň ertesi güni barýan halatlary hem bolýar. Käte bolsa, hiç barman hem bilýär” diýip, maryly başga bir ýaşaýjy gürrüň berdi.

Sebitde Internetiň tizligi hem barha ýaramazlaşýar. Bu ýaramazlaşmany, Türkmenistanda öý Internet hyzmatlaryny hödürleýän “Türkmentelekom” elektrik aragatnaşyk kompaniýasynyň we mobil Internet hyzmatlaryny hödürleýän “Altyn Asyryň” hyzmatlarynda hem synlasa bolýar.

“Marynyň häkimiýetleri Interneti hem gaty gysýarlar. Häzir döwlet tarapyndan ilata hödürlenýän mobil we öý Internetleri arkaly IMO messenjerinden hem kadaly peýdalanyp bolmaýar. Bu ýurtda VPN-siz işleýän ýeke-täk messenjerdir. Bu messenjer arkaly-da, daşary ýurtlarda okaýan ýa işleýän çagalarymyz, dogan-garyndaşlarymyz bilen gürleşmek kynlaşdy” diýip, maryly ýaşaýjy gürrüň berdi.

Onuň sözlerine görä, VPN ulgamlaryndan peýdalanyp, ýurtda petiklenen beýleki messenjerlere girmek arkaly, belli bir derejede habarlaşyp bolýar. Ýöne bu usuldan peýdalanmak, ykdysady kynçylyklardan we giň ýaýran işsizlikden ejir çekýän köp maşgalanyň maddy mümkinçiliginden has ýokary bolýar.

“VPN ulgamyndan peýdalanmak gaty gymmat. Ony bir aýlyk telefonuňa gurnatjak bolsaň, 500-600 manat tölemeli. Ony ulanýanlar gaty az. Sebäbi her aý WiFi ulgamy üçin hem 180-200 manat töleseň, bu jemi 800 manada golaý bolýar. Bu pul, köp adamyň tas bir aýlyk girdejisidir” diýip, maryly ýaşaýjy belledi.

“TMCell” söwda nyşanly “Altyn Asyr” we “Türkmentelekom” hyzmatlaryň hiliniň ýaramazlaşmagy we onuň sebäpleri barada ýaşaýjylara aç-açan maglumat ýa düşündiriş bermeýärler. Azatlygyň bu barada kärhanalaryň ýerli edarasy bilen telefon arkaly habarlaşyp, kommentariý almak synanyşyklary hem başa barmady.

Ýerli ulanyjylar “Altyn Asyryň" hyzmatlarynyň hiliniň pesliginden öňden bäri şikaýat edip gelýärler. Ýöne şeýle şikaýatlar soňky ýyllarda has-da ýygjamlaşdy. Awgust aýynda Balkan welaýatynyň Düwünçi obasynyň ýaşaýjylary mobil aragatnaşyk hyzmatlaryndan peýdalanmak üçin onlarça kilometr ýol sökmeli bolýandyklaryny gürrüň berdiler.

Mundan başga-da, soňky aýlarda ýurtda mobil telefonlar üçin sim-kartlaryň gytçylygy hem emele geldi. Satyn almak isleýänleriň köpelýän wagtynda, olaryň satuwda azalmagy uly nobatyň döremegine getirdi. Geçen hepde Azatlygyň habarçylary sim-kart satýan nokatlarda nobatlaryň indiki ýylyň bahar aýlaryna çenli uzandygyny habar berdiler.

Türkmen häkimiýetleri we berk döwlet gözegçiligindäki media serişdeleri ýurtda mobil we Internet hyzmatlarynyň hiliniň peselmegi, şeýle-de sim-kart gytçylygy barada dymyşlygyny saklaýarlar.

Häzirki wagtda Türkmenistanyň öýjükli aragatnaşyk ulgamynda monopoliýa eýe bolan "Altyn Asyr" ozalky ýyllarda "MTS - Türkmenistan" mobil operatory bilen bäsleşýärdi. Russiýanyň “Mobil TeleSistemalary” (MTS) mobil operatory 2005-2010-njy ýyllar aralygynda we 2012-2017-nji ýyllar aralygynda 10 ýyl töweregi Türkmenistanda öýjükli aragatnaşyk hyzmatlaryny hödürledi. Ýöne kompaniýa 2017-nji ýylyň sentýabrynda Türkmenistandan çekilmeli boldy.

2017-nji ýylyň iýulynda Türkmenistanyň ýurtdan gysylyp çykarylan "MTS-Türkmenistan" kompaniýasynyň ýerine "Aý-Nazar" atly täze mobil ulgamyny döretmegi planlaşdyrýandygy barada maglumatlar peýda boldy. Şonda resmi media bu pikiriň ýurduň prezidenti tarapyndan goldanandygyny habar berdi. Ýöne aradan alty ýyldan gowrak wagtyň geçendigine garamazdan, şondan bäri bu barada hiç hili gürrüň gozgalmady.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Balkan welaýatynda üç mekdebe gum basmak howpy abanýar
MTS-iň’ hyzmatlary kesilensoň, ençeme oba telefon aragatnaşygyndan mahrum boldy
Düýeleriň arasynda dörän mama keseli Balkana täzeden dolandy
Düýe keseline uçran obalara ýörite komissiýalar bardy
Çolarýan obalar halkyň 'parahatçylykly protesti' bolup görünýär
Aşgabat-Türkmenbaşy ýolunda bolan ulag heläkçiliginde dört adam öldi we başga-da 10-a golaýy ýaralandy