Maryda arzan bahadan towuk eti satuwa çykaryldy. Döwlet dükanlarynda çörek ýeter-ýetmezçiligi saklanýar

Maryda arzan bahadan towuk eti satuwa çykaryldy. Döwlet dükanlarynda çörek ýeter-ýetmezçiligi saklanýar

Mary welaýatynyň Mary şäherinde häkimiýetler arzan bahadan towuk etini satuwa çykardylar. Her adam başyna üç kilogram satylýan towugy almak üçin onlarça adam nobata durýar. Döwlet dükanlarynda gündelik satuwa çykarylýan çörek alyjylaryň ählisine ýetmeýär. Sebitiň azyk üpjünçiliginiň ýagdaýy barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy Mary şäherinden maglumat berdi.

Onuň sözlerine görä, şäheriň "Gök bazaryndaky" döwlet dükanynda satylyp başlanan towuk etiniň bir kilogramy 17 manada barabar. Hususy dükanlarda towuk budunyň bir kilogramy 24 manatdan satylýar.

"Towuk budy etden has arzan düşýänligi sebäpli adamlar nobata durup satyn alýarlar. Nobatlarda ortaça 60 adamyň durandygyny görse bolýar" diýip, ýerli ýaşaýjy anonimlik şertinde aýtdy.

Bellesek, Türkmenistanda dowam edýän ykdysady kynçylyklaryň arasynda, mundan bäş ýyl çemesi ozal häkimiýetler ilata şeker, ýag, ýumurtga we towuk budy ýaly azyk önümlerini arzan bahadan satyp başlapdylar. Ýöne bu tejribe şu ýylyň başynda ýatyryldy. Şondan bäri häkimiýetler bu azyk önümleriniň käbir görnüşlerini wagtal-wagtal satuwa çykarýarlar.

Habarçymyz towuk budunyň soňky gezek geçen aýda ýerli döwlet dükanlarynda satylandygyny, ýöne alyjylaryň onuň gapdaly bilen başga harytlary satyn almaga mejbur edilendigini hem aýtdy.

"Şonda towuk etiniň nyrhy hususy dükanlardaky bahalar bilen deňleşipdi" diýip, habarçy sözüne goşdy.

Ol döwlet dükanlarynda ilatyň un paýlarynyň wagtynda berilmezligini dowam edýändigini, gündelik satuwa çykarylýan çöregiň-de alyjylaryň ählisine ýetmeýändigini hem habar berýär.

"Döwlet dükanlary ilatyň ýanwar aýy üçin un paýlaryny ýaňy-ýakynda paýlady. Şondan soňky aýlaryň un paýlary heniz hem berilmeýär. Çörek hem kadaly satylýar diýip bolmaýar, sebäbi ol dükana gelen adamlaryň ählisine ýetmeýär. Ýöne adamlar darganyndan soň, dükan işgärleri çöregi hususy dükan eýelerine 3 manatdan satýarlar.

Döwlet dükanlarynda buhanka çörek 1 manatdan, çörek 2 manatdan satylýar. Ýöne halka onuň belli bir möçberi satylýar" diýip, ýerli ýaşaýjy aýtdy.

Habarçymyzyň maglumatyna görä, häzirki wagtda döwlet dükanlarynda günebakar we pagta çigidiniň ýagy hem satylýar. Göräýmäge, olaryň bahalary bazardaky nyrhlardan arzan. Ýöne alyjylar bu ýaglaryň ýany bilen "möhleti geçen ýa-da derege ýaramaýan" başga harytlary hem satyn almaga mejbur edilýärler. Şeýlelik bilen, arzan diýilýän ýaglaryň bahasy bazar nyrhlary bilen deňleşýär.

"Bir litr pagta ýagy 22 manat, iň pes hilli bir litr günebakar ýagy 36 manat bahalanýar. Alyjylar munuň gapdaly bilen şireli suw ýa-da şoňa meňzeş derege ýaramaýan harytlary satyn almaly bolýar" diýip, başga bir ýerli ýaşaýjy anonimlik şertinde gürrüň berdi.

Habarçymyz şäheriň bazarlaryndaky käbir azyk önümleriniň bahalary barada hem maglumat berip, soňky günlerde nyrhlaryň bir durkuny saklaýandygyny atdy.

"Bir kg pomidor 4-5 manat, parnik pomidory 14 manat, kartoşka 6-7 manat, bürünç, hiline görä, 25-50 manat aralygynda, 1,5 litr pagta gara pagta ýagy 44 manat, bir litr günebakar ýagy 34-40 manat, sogan 5-6 manat, bir kg gazak uny 14 manat, ýerli un 8-10 manat, bir kg şeker 19 manat, gawun 20 manat bahalanýar" diýip, habarçymyz belledi.

Habarçylarymyz ykdysady krizis şertlerinde köp maşgalanyň hususyýetçilerden azyk satyn almaga mümkinçiliginiň ýokdugyny aýdyp, olaryň subsidirlenen bahalardan satylýan önümlere garaşlydygyny yzygiderli habar berýärler.

Ýurduň häkimiýetleri bu ýagdaýlary aç-açan boýun alyp, bu barada resmi beýanat bilen çykyş etmeýärler. Şeýle-de, häkimiýetler ýurtda ýaşaýyş üçin zerur minimum we sarp edijilik sebedi ýaly temalary asla gozgamaýarlar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

'Oglum bilen towuk etiniň nobatynda, gyzym çöregiň nobatynda durýarys'. Azyk krizisi dowam edýär
Un 250%, çörek 150% gymmatlady, dükanlaryň öňündäki nobatlar aýryldy
Aşgabatda ilat unuň ýany bilen möhleti geçen kädi powidlosyny satyn almaga mejbur edilýär
Towuk budy we ýumurtga 'bolçulygy' uzaga çekmedi
Azatlygyň maglumatyndan soň, Aşgabatda towuk söwdasy kadaly görnüşde ýola goýuldy
Aşgabatda çörek nobatynda basa-baslyk döredi