Maryda azyk harytlary 50% gymmatlady

Maryda azyk harytlary 50% gymmatlady

Türkmenistanda musulmanlaryň mukaddes hasaplaýan Remezan aýynda azyk harytlarynyň bahalarynyň gymmatlamagy dowam edýär. Ýurtda nyrhlaryň ýokarlanmagy bilen bagly nobatdaky maglumat Mary welaýatyndan gelip gowşup, sebitiň bazarlarynda köp önümiň bahasy 50% gymmatlady.

“Daşary ýurtlarda uly baýramçylyklarda azyk we senagatlarynda arzanlaşyk yglan edilse, Türkmenistanda uly gymmatlaşyk başlaýar. Remezan aýynyň başlanmagy bilen, harytlaryň bahasy ýene onlarça göterim ýokarlandy” diýip, Azatlyk Radiosynyň habarçysy 14-nji martda sebitden maglumat berdi.

Habarçymyz sebitiň bazarlaryndaky käbir azyk harytlarynyň geçen hepdedäki we häzirki bahalary barada hem gürrüň berdi:

Gymmatlamany diňe gök-bakja önümlerinde däl, eýse süýji-köke harytlarynda hem synlasa bolýar. Bir kilogramy 20 manat bahalanan ýerli süýjüler häzir 30 manatdan satylýar.

“Süýji-kökeleriň hiline görä, olaryň her bir kilogramynyň bahasy 5-10 manat gymmatlady. Iň pes hilli kökeleriň bir kilogramy öň 15-20 manat bahalanýardy, indi 20-25 manatdan satylýar” diýip, ýagdaýlardan habarly maryly alyjy belledi.

Azyk harytlarynyň bahalarynyň ýokarlanmagynyň sebäpleri barada ne telekeçiler, ne bazar administrasiýalary, ne-de ýerli häkimiýetler tarapyndan aç-açan düşündiriş berilýär.

Azatlygyň bu barada sebitiň söwda edarasyndan telefon arkaly teswir almak synanyşyklary hem oňyn netije bermedi.

Ýerli ýaşaýjylaryň ençemesiniň anonim şertde habarçymyza aýtmagyna görä, bahalaryň ýokarlanmagy býujetden aýlyk alýan maşgalalaryň güzeran eklenjini barha kynlaşdyrýar.

Ýöne olar gymmatlamanyň pes girdejili, hususan-da, diňe pensiýanyň ýa-da çagasynyň kömek pulunyň hasabyna gün görýän hojalyklary has-da agyr güne salýandygyny aýdýarlar.

“Häzir öýlerinde iýmäge çöregi bolmadyk hojalyklar agzaçarlar baryp, garynlaryny doýurýarlar. Soňky ýyllarda agzaçar edýän adamlar azaldy. Geňeşliklerde diňe gurply hojalyklar agzaçar edýärler. Olar diňe agzyny bekleýänleri däl, eýsem agzyny beklemeýän goňşularyny, garyndaşlaryny hem çagyryp, çörek iýmäge geliň diýýärler” diýip, habarçymyz belledi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow ýurduň bazarlarynda we söwda nokatlarynda bahalary hemişe gözegçilikde saklamagyň zerurdygyny mundan bir aý çemesi ozal nygtady.

Muňa garamazdan, ýurtda bellenilýän beýleki uly baýramçylyklarda bolşy ýaly, Remezan aýynyň başlanmagy bilen, azyk harytlarynyň gymmatlamagy dowam edýär.

Şu hepdäniň başynda azyk harytlarynyň bahasynyň Aşgabatda 50%-e çenli, Türkmenbaşydaky 200%-e çenli gymmatlandygy mälim boldy.

Türkmenistanyň berk döwlet gözegçiligindäki media serişdeleri gymmatlamalar barada kelam agyz söz aýtmaýar.

Bu ýyl Türkmenistanda 11-nji martyň säheri bilen başlan Remezan aýy 9-njy aprel gijesine çenli dowam edýär. 10-njy aprelde bolsa Oraza baýramy belleniler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Remezan aýynyň başlanmagy bilen, harytlaryň bahasy 50%-e çenli gymmatlady
Aşgabatda metjitlere gözegçilik güýçlendirilip, “aşa dindarlar” gözlenýär
Diňle: Maryda azyk harytlary 50% gymmatlady
Balkanlylara paranyň öwezine türmedäki hossarlaryny Gadyr gijesinde azatlyga çykarmaklyk teklip edilýär
Ysraýyl, Gazany Bombalamaga Dowam Edýär
Diňle: Ykdysady kynçylyklar ilaty agzaçar sadaklaryny bermekden saklaýar