Maryda bolan ýol hadysasynda üç okuwçy wepat boldy

“Türkmenistanyň Hronikasynyň” habarçylarynyň habar bermeklerine görä, 26-njy noýabrda ir sagat 11-e golaý Ýolöten bilen Mary aralygyndaky ýolda iki sany mikroawtobus çakyşdy. Köçe-ýol hadysasy netijesinde 13 ýaşyndaky mekdep okuwçylarynyň üçüsi heläk boldy.

14 orunly mikroawtobus okuwçylary Ýolötenden Mary şäherine alyp barýardy. Okuwçylaryň ählisi 2005-nji ýylda doglan çagalar. Wepat bolan üç okuwçydan başga, birnäçe çaga dürli derejelerde ýaralandy. Şol sanda, bir oglan çynlakaý kelle trawmasyny aldy. Ol häzir Marynyň şäher hassahansynda agyr hassalaryň bölüminde bejergi alýar.

Mary tarapdan gelýän ikinji mikroawtobusdaky pidalar ýa ejir çekenler hakynda ýeterlik maglumat alyp bolmady.

Çagalaryň mikroawtobusda nirä barýandygyny haýsydyr bir köpçülik çäresiniň repetisiýasyna ýa-da olimpiadalara ýa-da ýaryşlara gatnaşmaga alnyp barylýandygyny hüzirlikçe anyklap bolmady. Türkmenistanyň resmi habar serişdeleriniň maglumatyndan çen tutulsa, şol gün Maryda hiç bir ähmiýetli medeni-köpçülik çäresi geçirilmedi.

25-26-njy noýabrda ýurduň ähli ýerinde güýçli ýagyş ýagdy. Bu ýagyn birnäçe köçe-ýol hadysasyna sebäp boldy.

Ýene degişli makalalar

Aşgabat-Daşoguz ýolunda heläkçilikli ýol hadysasy boldy
PÝGG başlyklary sürüjilik şahadatnamasynyň öwezine 'käbir aýallary gatnaşyga zorlamakda aýyplanýar'
Türkmenistan harby gullukdan ýüz öwren Ýehowa şaýatlaryna iş kesmegi dowam etdirýär
Türkmenistanyň Watikandaky ilçisi Rim Papasyna ynanç hatlaryny gowşurdy
Türkmenistanyň Watikandaky Ilçisi ynanç hatlaryny gowşurdy
Rus pulunyň hümmetiniň peselmegi Türkmenistanda walýutanyň gara bazar söwdasyny 'tolgundyrdy'