Maryda howpsuzlyk gulluklary dindarlary soraga çekýär, şugulçylyk talaplaryny güýçlendirýär

Maryda howpsuzlyk gulluklary dindarlary soraga çekýär, şugulçylyk talaplaryny güýçlendirýär

Onuň maglumatlaryna görä, käbir maryly dindarlar Milli howpsuzlyk ministrliginiň welaýat bölümine çagyrylyp, sorag edilýär. “Şu gün Mary şäherinde 50 ýaşlaryndaky bir adam bilen söhbetdeş boldum.Onuň aýtmagyna görä, namaz okaýandygy sebäpli ony duşenbe güni Marynyň Welaýat howpsuzlyk gullugyna çagyrypdyrlar” diýip, habarçy aýtdy.

Onuň maglumatlaryna görä, Howpsuzlyk gulluklarynyň işgärleri dindarlaryň spirtli içgileri ýa-da Koka-Kola içip içmeýändigi bilen gyzyklanýarlar. “Namaz okaýaryn diýdim, ýöne olar muny özleriniň bilýändiklerini aýtdylar” diýip, 50 ýaşlaryndaky maryly dindar erkek Azatlygyň habarçysyna gürrüň berdi.

Oňa derek, habarçynyň maglumatlaryna görä, Milli howpsuzlyk gullugynyň işgärleri “namazy nireden öwrendiň?”, “haýsy kitaplary okaýarsyň?”, “namaz kitaplaryny nireden aldyň?”, “dostlaryň kim?” diýen ýaly soraglary berýärler.Boş wagtlarynda namaz bilen meşgullanýan maryly dindarlar, Azatlygyň habarçysynyň sözlerine görä, bu soraglaryň her haýsyna aýratynlykda giňişleýin jogap bermäge mejbur edilýärler. “Men kitaplary bazardan satyn alandygymy, öwrenen zatlarymy metjitde jemagatyň eden gürrüňlerinden sapak alandygymy, dostlarymyň bolsa goňşularymdan we öňki klasdaşlarymdan ybarat bolandygyny, ýöne olaryň namaz okamaýandyklaryny aýtdym” diýip, Mary şäheriniň ýaşaýjysy Azatlyk Radiosynyň habarçysyna Milli howpsuzlyk gullugynyň işgärleriniň özi bilen geçiren sorag edişligi barada gürrüň berdi.

Türkmenistanyň döwlet eýeçiligindäki metbugat serişdelerinden mälim bolşuna görä, ýurduň metjitlerinde din wekilleri wagtal-wagtal döwlet baştutanyna jan saglyk, ýurtda alnyp barylýan syýasata dowamat diläp, metjitlere ýygnananlaryň huzurynda çykyş edýärler.

Galyberse-de, iýunyň aýagynda 62-nji ýaş gününi bellän prezident Gurbanguly Berdimuhamedow soňky doglan güni mynasybetli Mary şäheriniň baş metjidine ýadygärlik sowgat berdi. “Ertesi güni (sişenbe red.) ýene-de çagyrdylar” diýip, maryly dindar erkek gürrüňe dowam edýär. “Ikinji duşuşykda boş wagtlarymda kimler bilen nirä üýşüp namaz barada gürrüň edýändigimi soradylar.

Men hiç ýere üýşmeýändigimizi aýtdym” diýip, maryly ýaşaýjy gürrüň berýär. “ Hiç ýere üýşmeýän bolsaň, onda näme bilen meşgul bolýaň?’ diýdiler, men jaý remont edýändigimi aýtdym” diýip, ol aýdýar.Habarçynyň sözlerine görä, Milli howpsuzlygyň işgärleri maryly dindar erkegi özüniň aýaly we çagalary barada, olaryň namaza okap okamaýandygy hakynda maglumat bermäge mejbur edýärler. “Bolýar, indi saňa başga sorag ýok diýip, Milli howpsuzlyk gullugynyň işgäri maňa özüniň el telefon nomerini berdi.

Kimdir biriniň dini taýdan özüni alyp barşy üýtgeşigiräk görünse, ony bize hökman habar et’ diýip, meni boşatdylar” diýip, habarçynyň gürrüňdeşi sözüni jemledi.Türkmenistanyň hökümeti güýç edaralarynyň üsti bilen ýurt raýatlaryna, şolaryň hatarynda dindarlara edýän basyşlary bilen baglylykda halkara hukuk toparlarynyň tankydyna uçraýar.

Türkmenistanyň türmelerinde zor bilen ýitirim edilenleriň hukuklary boýunça iş alyp barýan “Olary diri görkeziň!” kampaniýasynyň soňky täzelenen sanawyna görä, türkmen türmelerinde daşky dünýäden üzňelikde saklanýan 121 bendiden 32 adam “dini ekstremizmde” aýyplanýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz.Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Ýene degişli makalalar

Türkiyedäki 90 müň metjitde sala okaldy
Aşgabadyň metjitlerinde baýram namazyny okamaga müňlerçe adam gatnaşdy, metjitlere we köçelere güýç gulluklarynyň ýüzlerçesi ýerleşdirildi
Erdogan: "Taksim metjidi Stambulyň öňde gelýän nyşanalarynyň arasyna goşuldy" diýdi
Türkmen halysy — akyl ýetirip bolmajak gözellik
bagtyýarlyk çeşmesi
Bilal Aga Metjidinde 47 Ýyl Soň Ilkinji Juma Namazy Okaldy
Türkmenistanyň günortasynda ýüze çykarylan gadymy tapyndylar Oks siwilizasiýasynyň ýerleşen ýerini görkezýär