Şu günler Mary welaýatynyň merkezi şäheri Marynyň köçelerinde Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugynyň (PÝGG) işgärleriniň sürüjilere jerime ýazmagy bilen bagly wakalar göz-görtele köpeldi.
Awtoulag sürüjileriniň ençemesi olaryň özlerine töhmet atyp, dürli bahanalara esaslanyp, yzygiderli jerime ýazýandygyny aýdýar. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 17-nji noýabrda sebitden maglumat berdi.
“Meni şu güni aýry-aýry dört ýerde ýol polisiýasy saklap, jerime ýazmakçy boldy.Olaryň ikisinde jerime alman gutuldym. Ýöne olaryň birinde polisiýa işgärleri maňa “pyýadalara ýol bermediň” diýip, jerime ýazmakçy boldular.
Men olara “ýol kesip geçmekçi bolýan adam, pyýada görmedim, hany, ol nirede, maňa görkez, men kime ýol bermedim” diýdim.Soňra olar “bolýar, saňa beýle ýazmaýyn, saňa howpsuzlyk kemer dakynmadyň diýip ýazaly” diýdiler” diýip, maryly ulag sürüjisi anonimlik şertinde gürrüň berdi.
Ol ýol polisiýasyna howpsuzlyk kemerini dakynandygyny, munuň ýalan töhmet bolýandygyny aýdyp, olardan özüne hiç hili jerime ýazmazlygy sorapdyr.
“Ýöne olar meni diňlemediler we jerime ýazdylar. Meni dördünji gezek saklan polisiýa işgärleri hem, şuňa meňzeş bahalara salgylanyp, jerime ýazdylar” diýip, maryly sürüji belledi.
Ýörite buýrukÝerli sürüjileriň ençemesi ýol polisiýasynyň bulardan başga-da, ulaglaryň hapadygy, olarda goşmaça enjamlaryň ýerleşdirilendigi, şol sanda alajalaryň asylandygy ýaly bahanalara salgylanyp, jerime ýazýandygyny aýdýar.
“Jerimäniň möçberi adatça 50-100 manat aralygynda üýtgeýär” diýip, maryly ýene bir sürüji anonimlik şertinde aýtdy.
Sürüjileriň tassyklamagyna görä, PÝGG-niň işgärleri, öňkülerden tapawutlylykda, bu gezek para almagyň deregine jerime ýazmaga has köp ýykgyn edýärler.
PÝGG-niň köçelerdäki bu çäreleri we onuň sebäpleri barada ýerli häkimiýetler tarapyndan ilata anyk düşündiriş berilmeýär.
Ýöne şäher ýol polisiýasyndaky birnäçe çeşmämiziň habarçymyza aýtmagyna görä, bularyň sebäbi PÝGG-niň işgärlerine günde 15 sany protokol doldurmak, ýagny 15 sürüjä jerime ýazmak barada berlen soňky buýruk bilen baglanyşykly.
“Häzir bilmedik näme sebäp boldy, ýöne ýolbaşçylar para-pul almazlygy berk tabşyrdylar. Şeýle-de, olar her bir ýol polisiýasyna günde 15 protokol doldurmagy dilden tabşyrdy. Olar “islendik ulagy saklaň we bahana az däl, durna tok sütüninden hem bahana tapyp bolýar, bahana tapyň-da, 15 sany jerime ýazyň diýdiler” diýip, polisiýa işgäri anonimlik şertinde aýtdy.
"Işiňden mahrum edilmek"Çeşmelerimiz bu buýrugyň haçana çenli öz güýjünde galjakdygy barada maglumatyň ýokdugyny, ýöne ony berjaý etmediklere polisiýadaky işinden mahrum ediljekdigi barada duýduryş berlendigini belleýärler.
“Ýolbaşçylar 15 sany jerime ýazmadyklaryň iş görkezijisi pes bolan işgärleriň hataryna goşuljakdygyny we işiniň şäheriň ýangyn söndüriji gullugyna geçiriljekdigini, irdenki razwotda aýtdylar” diýip, polisiýadaky ýene bir çeşmämiz aýtdy.
Çeşmelerimiziň sözlerine görä, köp polisiýa işgäri bu tabşyrygy sebit häkimiýetleriniň özlerini “iş başarýan edip görkezmek we gaznany doldurmak tagallalary” diýip häsiýetlendirýär.
Azatlyk bu ýagdaýlar barada degişli şäher häkimiýetlerinden, şol sanda polisiýa bölüminden teswir alyp bilmedi.
Türkmenistanda ýol polisiýasynyň dürli bahanalara esaslanyp, sürüjilere jerime ýazmagy ýa-da olardan para almagy bilen bagly ýagdaýlar barada Azatlygyň habarçylary ýygy-ýygydan maglumat berýärler. Bu ýagdaýlar tutuş ýylyň dowamynda gaýtalanýar, ýöne olaryň gerimi wagtal-wagtal has-da güýçlenýär.
Şuňa meňzeş ýagdaýlar ýurtda köçe-ýol howpsuzlygyna bagyşlanan biraýlygyň, ýagny sentýabr aýynyň dowamynda birnäçe gezek gaýtalandy. Ahal, Daşoguz we Lebap welaýatlaryndaky habarçylarymyz jerimeler we para-berim zerarly, köp sürüjiniň biraýlygyň dowamynda ulag sürmekden saklanýandygyny aýtdylar.
Türkmen häkimiýetleri we metbugat serişdeleri sürüjileriň ýüzbe-ýüz bolýan bu ýagdaýlary barada hiç hili mesele gozgamaýarlar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.