Maryda ýene güýçli tozanly ýel turdy

Maryda ýene güýçli tozanly ýel turdy

Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynda 9-njy ýanwarda ýene güýçli tozanly ýel turdy. Etrabyň birnäçe geňeşliginde ilatyň elektrik üpjünçiligi kesildi. Şeýle-de, güýçli ýel köp hojalygyň mal ýataklaryny ýumurdy, sebitden geçýän demir we gara ýollary çäge basdy. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçylary 9-njy ýanwarda sebitden maglumat berdiler.

“Günortan wagty etraby güýçli şemal bilen tozan, çäge basdy. Hüjin, Gammarbaba, Döwletli, Ymambaba, Sandykgaçy geňeşliklerinde şemal has güýçli duýuldy. Olaryň käbirinde tok kesildi. Daşary çykanyňda tozanly çägeden ýaňa gözüňi açyp bolmady. Köp hojalygyň gapylary we penjireleri agaçdan ýasalansoň, öýleriň içini hem çäge basdy” diýip, ýolötenli ýaşaýjy anonim şertde gürrüň berdi.

9-njy ýanwarda sebitde howanyň temperaturasy gyş paslyna mahsus bolmadyk derejede maýyl boldy.

Güýçli ýel hojalyklarda gamyşdan, çöpden guralan mal ýataklary ýumurdy. Mallaryň gyşyna iýmitlenmegi üçin üýşürilip goýlan otlary hem uçuryp, dargatdy.

“Şemal obamyzda gök-bakja önümlerini ýetişdirýän ýyladyşhanaly hojalyklara hem täsir ýetirdi. Olaryň ýyladyşhanalaryň üstüne ýapan plastik paketlary ýyrtyldy, käbiriniňki uçup gitdi” diýip, ýolötenli başga bir ýaşaýjy anonim şertde gürrüň berdi.

Ýel sebäpli demir we gara ýollaryň köp bölegini çäge basdy. Bu ýagdaý, ýerli häkimiýetleriň bu ýollary arassalamak we çägäniň süýşmeginiň öňüni almak üçin gamyş dokaýan adamlary gözläp başlamagyna getirdi.

“Öňki gezeklerde demir ýolunyň ugruny çäge basanda, bu işlere Galkynyş gaz zawodunyň we beýleki edara-kärhanalaryň işgärleri mejbury çekilipdi. Häzir häkimiýetler demir ýollaryň ugurlaryny arassalamaga we gyralaryna gamyş dokamana hakyna adam gözleýärler” diýip, ýerli ýaşaýjy belledi.

Türkmen häkimiýetleri tozanly ýel barada ilata öňünden bildiriş ýa duýduryş etmediler. Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň resmi websaýtynda hem, Maryda bolan tozanly howa barada hiç zat aýdylmaýar.

Ýöne Ýolöteniň elektrik üpjünçilik edarasynyň işgärleriniň ýaşaýjylara beren maglumatyna görä, sebitde tozanly ýeliň 10-njy ýanwarda hem turmagyna garaşylýar.

“Ýel ýatsa, tok bereris. Ertir hem howa şemally bolmaly” diýip, ýerli ýaşaýjy elektrik edarasynyň bir işgäriniň 9-njy ýanwarda giçlik aýdan sözlerini sitirledi.

Bu maglumaty, “Meteožurnal” neşiri hem tassyklaýar. Howa maglumatlaryny çap edýän neşiriň 9-njy ýanwardaky habarynda Türkmenistanyň günorta we günorta-gündogarynda tozanly ýeliň turandygy aýdylýar.

Maglumatda ýeliň Marynyň köp bölegine, Lebabyň günorta we merkezi sebitlerine, şeýle hem Ahalyň günorta-gündogaryna täsir edendigi we munuň şu ýylyň başyndan bäri bolan şuňa meňzeş ýelleriň ikinjisidigi bellenilýär. Mundan ozal, neşir Lebabyň we Marynyň käbir sebitlerinde 6-njy ýanwarda tozanly ýeliň turandygyny habar beripdi.

“Ertir [10-njy ýanwarda] Lebabyň we Marynyň birnäçe sebitinde tozanly ýel dowam eder” diýip, neşir oktýabr aýyndan bäri Türkmenistanda, esasan-da ýurduň günorta we günorta-gündogarynda, tozanly ýel hadysalarynyň adaty bolmadyk ýygylykda hasaba alnandygyny ýazýar.

Soňky ýyllarda Türkmenistanyň dürli sebitlerinde adatdan daşary howa hadysalary, şol sanda tozanly ýel ýygy-ýygydan gaýtalanýar.

Mundan ozal, 28-nji dekabrda Lebapda tozanly ýel turdy. Ýaşaýjylar howadaky tozan bölejikleri zerarly ýakyn aralykdaky desgalary görmekde hem kynçylyk çekdiler.

Dünýäniň iň bir ýapyk we repressiw ýurtlarynyň biri hasaplanylýan Türkmenistanda häkimiýetler we media serişdeleri ýurtda turýan tozanly ýeller barada habar bermeýärler.

Birleşen Milletler Guramasynyň (BMG) çölleşmä garşy edarasy 13-17-nji noýabr aralygynda Özbegistanyň Samarkant şäherinde geçiren duşuşygynda dünýäde tozanly tupanlaryň we çägeli harasatlaryň soňky ýyllarda ýygjamlaşandygyny we ýitileşendigini aýtdy.

Howa maglumatlaryny çap edýän “Meteoblue” neşiri 10-njy ýanwarda Ýolötende howanyň temperaturasynyň gündizine 21 gradus boljakdygyny habar berýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanda öňümizdäki hepdäniň ýagynsyz bolmagyna garaşylýar
Marynyň etraplarynda tok, gaz kesildi, şemal öwüsdi
Balkan welaýat ýörite sungat mekdebiniň konserti
Garagumyň gözellik dünýäsine syýahat
Çeperçilik akademiýasynda zenan nakgaşlaryň iň gowy eserleri görkezildi
Fotopursatlar: Aşgabat güýzüniň üýtgeşik öwüşginleri