Mask Marsa astronawtlary ibermäge çagyrdy

Mask Marsa astronawtlary ibermäge çagyrdy

Amerikaly astronawtlara Marsa tarap ýola düşmäge wagt boldy. ABŞ-dan meşhur işewür, milliarder Ilon Mask Apollon-11 kosmos gämisiniň Aýa gonmagynyň 55 ýyllygyna bagyşlap, şeýle teklip bilen sosial ulgamda ýazdy.

Maskyň: Indi Amerika üçin astronawtlary Marsa ýollamak bilen, has uly belentliklere ýetmek gerek diýen sözlerini MIR 24 getirýär.

Işewüriň älem raketalaryny öndürmeklige ýöriteleşen kompaniýasynda häzirki wagtda Aýa we Marsa uçuşy amala aşyrmak üçin dolandyrylýan gämini döretmegiň üstünde işler dowam edýär.

Ýene degişli makalalar

Roskosmosda adamzadyň haçan Marsa baryp biljekdigi aýdyldy
Mask adamzadyň halas bolmagy üçin şertleri agzady
Tesla 1500 robotaksi öndürer
Mask adamzadyň geljegi barada pikirini paýlaşdy
Mask halaýan audiokitaplarynyň sanawyny düzdi
Mask: geljekde el telefony bolmaz