Mask ýene-de baý boldy

“Tesla” we “SpaceX” kompaniýalarynyň esaslandyryjysy, “Twitter” kompaniýasynyň eýesi Ilon Mask dünýäniň iň barjamly adamlarynyň sanawynda ýene-de birinji orna gaýdyp geldi. Maglumatlara görä, Maskyň baýlygy 192,3 milliard dollar diýlip kesgitlenilýär. Bu barada “Bloomberg” agentligi habar berýär.

Şeýlelikde, Ilon Mask, baýlygy 186,6 milliard dollar bolan LVMH kompaniýalar toparynyň başlygy Bernar Arnodan öňe geçdi. Sanawyň üçünji ornuny “Amazon”-yň esaslandyryjysy Jeff Bezos eýeleýär. Onuň baýlygy 144 milliard dollara deň. Agentligiň belleýşi ýaly, 51 ýaşly Maskyň işjeňligi şu ýyl, esasan hem, “Tesla” kompaniýasynyň paýnamalarynyň bahasynyň ýokarlanmagy netijesinde, 50 milliard dollardan gowrak artdy.

Ýene degişli makalalar

Üç ýyl bäri yzygiderli baý
Tesla kompaniýasy köpçüligi CyberCab robotakisisi bilen tanyşdyrdy
Sürüjisiz taksi hyzmatyny hödürleýär
Mask adamzadyň halas bolmagy üçin şertleri agzady
Tramp wezipelere belledi
Trampa degişli oteliň öňünde Tesla ulagy partlady
Tesla 1500 robotaksi öndürer