Maslahat edilýär, demirýol hyzmaty gowulaşmaýar - Çeşmeler

Maslahat edilýär, demirýol hyzmaty gowulaşmaýar - Çeşmeler

Azatlygyň çeşmeleri, ýerli synçy we demirýol hünärmeni türkmen hökümeti bilen jemgyýetiň arasyndaky üzňeleşmäniň, kesekileşmegiň’ barha görnetin duýulýandygyny, ýolbaşçylaryň ýönekeý adamlaryň aladasyny tasdan etmeýändigini we ilatyň muny barha açyk görüp başlandygyny öňe sürýärler.

Ýerli synçy bu ýagdaýy hökümet bilen jemgyýetiň arasyndaky "sosial şertnamanyň" bozulmagynyň barha köpelýän we adamlary barha kän ynjalykdan gaçyrýan alamatlary hökmünde häsiýetlendirýär.

Azatlyk bilen anonimlik şertinde söhbetdeş bolan synçy Türkmenistana sebitde, duldegşir goňşy ýurtlarda öňe sürülýän gowy başlangyçlaryň hem gowy’ täsir etmeýändigini belleýär.

Onuň sözlerine görä, Eýranyň metbugty soňky birnäçe aýda Eýran bilen Merkezi Aziýanyň, şol sanda Türkmenistan, Özbegistan, Täjigistan döwletleriniň arasynda ýola goýuljak otly gatnawlary barada birnäçe gezek habar berdi, emma adamlar ýurt içindäki ýolagçy gatnawlaryny hem görülmedik’ derejede çylşyrymlaşdyran hökümetiň ýolagçy otlularynyň gatnawy meselesinde halkara hyzmatdaşlyga taýýardygyna, umuman bu hili hyzmatdaşlyga razydygyna hem kän ynanmaýarlar.

Azatlyk bilen söhbetdeş bolan ýaşaýjylaryň bellemegine görä, Eýrandan gelip, Türkmenistanyň üsti bilen Özbegistana we Täjigistana geçjek ýolagçy otlusynyň hereket etjek ugrundaky demirýol stansiýalary örän gözgyny ýagdaýda, olar bu golaýlarda kadaly halkara gatnawlaryna taýýar edilip bilinmez.

"Adamlar 'hyzmatdaşlyk' habarlaryna ajy ýylgyrýarlarTürkmen metbugatynyň habaryna görä, Türkmenistanyň Demirýol ulaglary ministrliginiň wekiliýeti 6-8-nji sentýabry aralygynda Eýranda bolup, hyzmatdaşlyk meselelerini, hususan-da ...Hytaý-Gazagystan-Türkmenistan-Eýran demir ýolunyň hem-de Aşgabat ylalaşygy (Özbegistan, Türkmenistan, Eýran, Oman) halkara geçelgesiniň işjeňligini ýokarlandyrmak meselelerini ara alyp maslahatlaşdy.

Anonimlik şertinde gürleşen demirýol hünärmeni adamlaryň köpüsiniň bu hili maslahat’ habarlaryna diňe ýylgyryp oňýandygyny aýdýar.

"Maşatdan gelmeli otly Sarahs, Mary, Türkmenabat, Farap stansiýalarynyň üstünden geçmeli bolar.Emma iş ýüzünde eýýäm 15 ýyl töweregi Eýran bilen serhetdäki Sarahs stansiýasynda hiç hili ýolagçy otly gatnawynyň hereketi ýok. Özbegistan bilen serhetdeş Farap stansiýasynda hem soňky 7-8 ýylda hiç hili ýolagçy gatnawy amala aşyrylanok.

Netijede, bu stansiýalardaky demirýol gümrük bölümleri bireýýäm ýapyldy, hatda bilet kassalary hem ýapyldy" diýip, demirýol hünärmeni aýtdy.

Onuň sözlerine görä, Türkmenistanda indi çärýek asyr wagt bäri hiç hili halkara ýolagçy otly gatnawy ýok, hut şu sebäpden hem Aşgabat GDA ýurtlarynyň arasyndaky otlularyň ýeke-täk gatnaw tertibini düzmek we biletleri satýan Ekspress ulgamyna goşulmak baradaky şertnama goşulman gelýär.

Hünärmen Türkmenistanyň sebit ýurtlary bilen aradaky netijeli hyzmatdaşlyga goşulyp bilmezliginiň düýpli sebäpleriniň bardygyny belledi.

“Halkara otlularynyň gatnawyny dikeltmek örän derwaýys”“Birinjiden, ýurt ýapyk we türkmen režimi ilatyň goňşy ýurtlaryň raýatlary bilen gatnaşyk gurmagyny "halamaýar". Ikinjiden, Türkmenistanda henize-bu güne çenli walýutanyň erkin çalşygy ýola goýulmady, netijede, halkara bank kartlary hem bizde tas dolulygyna işlemeýär.”

Türkmenistan ýurtdaky ykdysady kynçylyklary, agyr işsizligi, görülmedik zähmet migrasiýasyny resmi taýdan boýun almaýar we hökümetiň azat bazar gatnaşyklary, açyk gapylar syýasatlaryna ygrarly bolup galýandygyny öňe sürýär.

Eger şeýle ygrarlylyk iň bolmanda niýetde bar bolsa, ýerli synçynyň we aýratynlykda gürleşilen demirýol hünärmeniniň ynanjyna görä, “halkara otlularynyň gatnawyny dikeltmek örän derwaýys mesele bolup durýar”.

Azatlygyň habarçylary ýaşaýjylaryň ýurt içindäki demirýol hyzmatynyň derejesinden we hilinden indi kän wagt bäri gaty nägiledigini’ habar berýärler.

“Häzirki wagtda Türkmenistanyň demirýol ulgamy ýiti kirzis halyna geldi. Şäherýaka, şäherara, sebitara otlulary tas düýbünden ýatyryldy. Aşgabat bilen welaýatlary günde bary-ýogy bir gezek baglaýan otly gatnawlary hem ilatyň islegini doly ödärden gaty daşda" diýip, ýerli ýaşaýjy aýtdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan türkmen-eýran serhetlerinde söwda-ykdysady zolaklary döretmegi teklip etdi
Demirýollary AGPJ halkara ýükleriň üstaşyr geçiriliş wagtyny gysgaltdy
'Emelsiz dolandyryş' ýolagçylaryň ýol azabyny artdyrýar, ykdysady ösüşiň öňüni alýar
Arkadaga gatnajak otly ilatyň 'demirýol, otly ýarasyny açdy'
Türkmenistanda demir ýol arkaly konteýnerleri daşamagyň bahalary kesgitlenildi
Demir ýol ulgmy - 2018