
Prezident Erdogan 7-njisi guralan Türkiýäniň maýa bazarlary maslahatyna uğradan ýüzlenmesinde Respublikanyň 100-nji ýylynda güýçli, ynamly we eşretli Türkiýe maksady bilen çykylan ýolda arman-ýadaman ýöreýändiklerini nygtady.
Erdogan ösüşden we söwdadan bahalaryň durnuklylygyna, maliýe durnuklylykdan gumanitar maýa we iş üpjünçiligine, ýaşyl we sanly öýjüli özgerlişikden betbagtçylyklaryň dolanşygyna, döwlet maliýesinden iş we maýa goýum şertlerine çenli ähli uğurlarda hakykatçyl, iş ýüzüne geçirilmäge ukyply we Türkiýäniň potensialyna laýyk maksatlary kesgitlandiklerini nygtady.
6-njy fewralda Kahramanmaraşda bolan ýer titremede çekilen ýitginiň öwezi dolunýarka, durnukly we ýokary hili ykdysady ösüş bilen iş üpjünçiligini ýokarlandyrmagy, inflýasiýany gaýtadan bir öýjükli sanlara düşürip, girdejileri ýokarlandyrmagy maksat edinýändiklerini beýan eden Erdogan, bu düşünje bilen gönüden daşary ýurt maýa goýumlaryny Türkiýä çekmegi meýilleşdirýändiklerini gürrüň berdi.