Maýa Kulyýewa adyndaky TMK-nyň wekiliýeti KFU-da geçirilen ylmy maslahata gatnaşdy

Maýa Kulyýewa adyndaky TMK-nyň wekiliýeti KFU-da geçirilen ylmy maslahata gatnaşdy

Ýakynda Kazan federal uniwersiteti tarapyndan geçirilen ylmy maslahat Medeniýetleriň arasyndaky özara gatnaşyklaryň baglanyşygynda sungat hem çeperçilik bilimi diýlip atlandyryldy. Halkara maslahatyň 11 bölümçe arkaly dowam etdirilmegi onuň giň gerime eýe bolandygyndan habar berýär.

Türkmenistan gazetiniň habar berşi ýaly, maslahata Russiýadan, Hytaýdan, Türkmenistandan, Belarusdan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Özbegistandan, Ermenistandan aspirantlar, mugallymlar, ylmy işgärler gatnaşdylar.Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň tejribeli mugallymlary öz täsirli çykyşlary bilen çärä gatnaşyjylaryň ünsüni çekdiler.

Sazyň taryhy kafedrasynyň müdiri B.Ýakubowa Zöhre-Tahyr dessany we onuň häzirki zaman beýan edilişi, şol kafedranyň uly mugallymlary, sungaty öwreniş ylymlarynyň kandidaty A.Açylow Türkmen kompozitorlarynyň fortepiano eserlerinde halk gözbaşlary, T.Litwina Çary Nurymowyň on bir saz gural ansambly üçin Teke nagyşlarynyň saz dilinde milli gözbaşlar, R.Muhammedow Hüwdi aýdymlary we olaryň sazly folklorda eýeleýän orny, şeýle hem konserwatoriýanyň aspiranty L.Hudaýberdiýewa we sungaty öwreniş ylymlarynyň kandidaty J.Gurbanowa bilelikde Ahal mekdebiniň dutarçylarynyň ýerine ýetirijilik däpleriniň deňeşdirilip öwrenilişi atly ylmy temalar boýunça çykyş etdiler.

Ýene degişli makalalar

Keýik Artykowanyň ýekelikdäki konserti geçirildi
DOKMAÇYLARY DÜNÝÄ ÇYKARAN ÝOLLAR
Marynyň welaýat drama teatrynda belli destan özboluşly sahnalaşdyryldy
Kompozitor Nury Muhadowyň doglan gününiň şanly senesine
Aşgabatda italýan artistleriniň gatnaşmagynda “Pagliacci” operasy goýulýar
Şekillendiriş sungaty muzeýiniň sergisinde ahal-teke bedewleriniň waspy