McAfee antiwiruslaryny öndüriji 14 milliard dollara satyldy

McAfee antiwiruslaryny öndüriji 14 milliard dollara satyldy

Maýa goýumçylaryň topary golaýda kiberhowpsuzlyk ulgamynda çözgütleri işläp düzüji McAfee Corp amerikan kompaniýasyny 14 milliard dollardan hem gowrak baha satyn aldy. Bu barada kompaniýanyň metbugat habaryna aýdylýar diýip, Interfaks ýazýar.

Advent International Corp. we Permira Advisers LLC göni maýa goýumlar gaznalary tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän satyn alyjylar konsorsiumyna Crosspoint Capital Partners, Canada Pension Plan Investment Board, GIC Private Ltd we Abu Dhabi Investment Authority (ADIA) kompaniýasynyň şahamçasy girýär.

Olar McAfeeniň paýnamalarynyň her biri üçin 26 amerikan dollaryny teklip etdiler, geleşik tutuşlygyna nagt hasaplaşyk görnüşinde berkidiler.

McAfee şeýle hem data-merkezler we bulut serwisler üçin antiwirus programma üpjünçiligini döredýär, onuň önümleri 182 ýurtda, enjamlaryň 600 milliondan gowragynda peýdalanylýar.

Soňky ýylda bu kompaniýanyň paýnamalary 55 göterim gymmatlady.

Ýene degişli makalalar

В Ашхабале состоялась Международная конференция по экологическим направлениям ТЭК страны
Aşgabatda halkara nebitgaz forumy öz işine başlady
Aşgabatda “Türkmenistanyň nebiti we gazy-2022” atly halkara sergi geçirilýär
“Türkmenistanyň nebiti we gazy” atly halkara maslahaty öz işine başlady
Awazada halkara sergi we maslahat dowam edýär
Türkmenistanyň Prezidenti daşary ýurt kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen wideoduşuşyk geçirdi