Medeni taryhymyz, ruhy mirasymyz

Medeni taryhymyz, ruhy mirasymyz

Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň gurnamagynda Arkadag şäherindäki Taryhy we medeni ýadygärlikler toplumynda Medeni taryhymyz, ruhy mirasymyz atly söhbetdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşlikde Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň hünärmenleri türkmen döwletiniň taryhynyň we medeni-mirasynyň mertebesiniň dünýä derejesinde gülläp ösýänligi hem-de Änew topragyndaky taryhy ýadygärlikleriň biri hem gadymy Seýit Jemaleddin metjidi ýadygärliginiň ajaýyplygy we owadanlygy bilen göreni haýrana goýýanlygy barada giňişleýin söhbet etdiler.

Söhbetdeşligiň ahyrynda milli medeniýetimizi we taryhymyzy düýpli öwrenmekde durmuşa geçirilýän beýik işleriň gözbaşynda duran türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny arzuw etdiler.

Ýene degişli makalalar

Kitap ruhy hazyna
Türkmenistanyň Prezidenti watandaşlaryny Oraza baýramy bilen gutlady
Beýik Ýeňiş mizemez hatyra
Şygyr äleminde öçmez Pyragy
Kitap jadyly dünýä
Magtymguly Pyragy dünýä dillerinde