Medeniýet hepdeligi 2022 dowam edýär

Mary welaýatynda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli her ýyl geçirilmegi asylly däbe öwrülen Medeniýet hepdeligi dowam edýär. Milli medeniýeti gorap saklamaga, içgin öwrenmäge hem-de wagyz etmäge gönükdirilen bu giň gerimli çäre medeniýetimiziň döwletiň we jemgyýetiň ösüşinde eýeleýän, barha artýan ähmiýetli ornuny, parahatçylyk dörediji kuwwatyny açyp görkezýär.

Indi onunjy gezek geçirilýän bu çäre umumadamzat gymmatlyklarynyň genji-hazynasyna saldamly goşant goşan halkymyzyň taryhy-medeni mirasynyň köp görnüşliligine doly derejede düşünmäge mümkinçilik berýär. Ýurdumyzda giňden bellenilýän Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününe gabatlanyp geçirilýän hepdelik döredijilik işgärleriniň hünär derejeleriniň ýokarlanmagyna, täze zehinleriň ýüze çykarylmagyna ýardam edýär.

Türkmen medeniýetiniň, sungatynyň, edebiýatynyň bu baýramy ähmiýetli waka bolup, Garaşsyz türkmen döwletiniň iň täze taryhynda mynasyp orun eýeledi.Giň gerimli medeni forum her ýyl ýurdumyzyň sebitleriniň birinde geçirilip, onuň dowamynda her welaýat öz ýeten sepgitlerini, Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň ösüşine goşan goşandyny, döredijilik kuwwatyny açyp görkezmäge çalyşýar.Şu gezekki Medeniýet hepdeliginiň Mary welaýatynda geçirilmegi aýratyn many-mazmuna eýedir.

Welaýatyň çäklerinde, ata Watanymyzyň beýleki künjeklerinde hem bolşy ýaly, halkymyzyň gadymy taryhy we binagärlik ýadygärlikleri, ajaýyp tebigy künjekler bar.Medeniýet hepdeligi 2022-niň açylyş dabarasy Mary şäherindäki Ruhyýet köşgüniň öňündäki meýdançada geçirildi.

Bu ýere Hökümet agzalary, ýurdumyzyň medeniýet ulgamynyň, welaýat we şäher häkimlikleriniň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, hormatly ýaşulular, Mary şäheriniň ýaşaýjylarydyr myhmanlary ýygnandylar.Foruma gatnaşýan wekiliýetleriň hatarynda ýurdumyzyň ähli sebitlerinden tanymal teatr artistleri, estrada we halk aýdymçylary, muzeý, kitaphana işiniň hünärmenleri, sazandalar, suratkeşler, ýazyjy-şahyrlar, döredijilik hem-de folklor toparlary bar.Bu ýerde halkymyzyň baý medeni mirasy barada gürrüň berýän sergi ýaýbaňlandyrylyp, onda amaly-haşam, nakgaşçylyk sungatynyň önümleri, halk senetçiligi ussalarynyň işleri, milli lybaslar, şaý-sepler, saz gurallary, türkmen halkynyň durmuşda ulanýan hojalyk esbaplary görkezildi.Ruhyýet köşgüniň zalyna ýygnananlar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Gutlagyny uly üns bilen diňlediler.

Gutlagda: Gahryman Arkadagymyzyň halkymyza serpaý beren bu sungat baýramy medeniýet we sungat, döredijilik işgärlerini ylham dünýäsine ganatlandyrýar, täze, kämil eserleri döretmäge ruhlandyrýar.Medeniýet hepdeliginiň dowamynda guraljak medeni-köpçülikleýin çäreleriň her biri ýurdumyzyň medeniýet edaralarynyň alyp barýan işlerini kämilleşdirmekde, sungat ussatlarynyň özara tejribe alyşmaklarynda, ilatyň medeni aň-bilim derejesini ýokarlandyrmakda, bu ulgamdaky ösüşlerimizi giňden wagyz etmekde möhüm ähmiýete eýe bolar diýlip bellenilýär.Dabara sungat ussatlarynyň, dürli döredijilik bäsleşikleriniň ýeňijileri ýaş ýerine ýetirijileriň, meşhur saz toparlarynyň çykyşlary bilen dowam etdi.

Halkara mediaforum geçirildiMedeniýet hepdeliginiň çäklerinde Mary myhmanhanasynda utgaşykly görnüşde halkara mediaforum geçirildi.Ol milli köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerini hem-de ýurdumyzda işleýän daşary ýurtly žurnalistleri, jemgyýetçilik işgärlerini, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlar toparyny bir ýere jemledi.

Oňa gatnaşyjylaryň hatarynda Russiýanyň ITAR-TASS habarlar agentliginiň baş direktorynyň birinji orunbasary Mihail Gusman, Aziýa Ýuwaş umman teleradiogepleşikler birleşiginiň (ABU) Baş sekretary Jawad Mottagi, Russia Today teleýaýlymynyň baş direktory Alekseý Nikolow, TRT-niň Türkmenistandaky wekili Ugur Sami Gezer, Azerbaýjanyň telewideniýesi we radiosy ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň başlygynyň orunbasary Rafik Gaşymow we beýlekiler boldy.Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde ilkinji gezek geçirilýän mediaforumyň esasy meselesi halkara hyzmatdaşlykda köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň eýeleýän orny baradaky mesele boldy. Şeýle hem gün tertibine ösüşlere beslenen özgertmeler syýasatynda ata Watanymyzyň medeniýetiniň we sungatynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň eýeleýän orny, ýurdumyzyň taryhy-medeni ýadygärliklerini wagyz etmek, halkymyzyň baý mirasyny geljekki nesillere ýetirmek, milli ruhy we ahlak däpleriniň hem-de maşgala gymmatlyklarynyň dowamatlylygy baradaky meseleler girizildi.Foruma sanly ulgam arkaly Aziýa Ýuwaş umman teleradiogepleşikler birleşiginiň (ABU), TASS-nyň, CGTN-Russian hytaý mediakorporasiýasynyň, Korean Broadcasting System, Sony Middle East and Africa FZE kompaniýalarynyň, Türkiýäniň TRT World teleýaýlymynyň, Russiýa 24, Russia Today habarlar teleýaýlymlarynyň, Setanta Sports, Mir halkara telekompaniýalarynyň wekilleri we beýlekiler goşuldylar.Çykyşlarda nygtalyşy ýaly, daşary syýasat strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlaryna laýyklykda, Türkmenistan gazanylan köp sanly hökümetara ylalaşyklaryň esasynda dünýäniň iri ugurdaş düzümleri bilen hyzmatdaşlygy giňeltmek arkaly halkara mediagiňişlige işjeň goşulyşýar.

Munuň şeýledigine soňky ýyllarda dürli ýurtlaryň öňdebaryjy habarlar agentlikleri we teleradio kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk etmek hakynda gol çekilen ylalaşyklardyr ähtnamalar, Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň Aziýa Ýuwaş umman teleradiogepleşikler birleşigine agza bolmagy aýdyň şaýatlyk edýär.

Günorta sebitiň ýaşaýjylaryna ýatdan çykmajak sowgatlarGünüň ikinji ýarymynda Mary welaýat kitaphanasynda Arkadagyň dowamaty dowamdyr ady bilen iş maslahaty we şygryýet agşamy geçirildi.Oňa medeniýet we bilim işgärleri, kitaphana işiniň hünärmenleri, şahyrlardyr ýazyjylar, žurnalistler gatnaşdylar.

Maslahatyň we döredijilik agşamynyň çäklerinde, ruhy mirasy gorap saklamak, ony dünýäde giňden wagyz etmek, döwrebap derejede medeni aň-bilim işlerini guramak barada gyzyklanma bildirilip, pikir alşyldy.Mary welaýatynyň Kemine adyndaky döwlet drama teatrynyň sahnasynda ýurdumyzyň wäşileriniň çykyşlary döredijilik maksatnamasynyň dowamy boldy.Şeýle giň gerimli çäreleri geçirmek üçin uly tehniki mümkinçiliklere eýe bolan Türkmeniň ak öýi binasy hem bir hepdeläp ýurdumyzyň döredijilik toparlarynyň çykyş etjek ýerine öwrüler.

Bu ýerde Aşgabadyň we Ahal welaýatynyň sungat ussatlarynyň konserti boldy.Döredijilik forumynda ilkinji gezek hödürlenilýän çykyşlar günorta sebitiň ýaşaýjylaryna ýatdan çykmajak sowgat bolar.Medeniýet hepdeligi 2022-niň çäklerinde meşhur ýerine ýetirijileriň we ýaş zehinleriň konsertleri, çekilen suratlaryň, amaly-haşam sungatynyň eserleriniň, fotosuratlaryň we neşir önümleriniň sergileri, Oguz han adyndaky Türkmenfilm birleşiginiň düşüren kinolarynyň görkezilişleri, usulyýet maslahatlary, wideomaslahatlar, ylmy we edebi duşuşyklar guraldy.Meýilleşdirilen çäreler ýurdumyzyň medeniýetiniň köptaraplylygyny görkezdi.

Ol bolsa türkmen halky tarapyndan ençeme ýüzýyllyklaryň dowamynda döredilen baý mirasy gorap saklamak, täzeden dikeltmek hem-de ählitaraplaýyn öwrenmek maksady bilen, onuň mundan beýläk-de baýlaşdyrylmagyny we geljekki nesillere ýetirilmegini kesgitleýär.

Ýene degişli makalalar

Medeniýet hepdeliginiň çäginde halkara mediaforum geçirildi
Türkmenistanda Media Forum geçirildi
Maryda halkara media forumy geçirildi
TRT Ispan Digital Habar Platformasy Düşümli Bolsun
“Türkiýe Palestina Goldaw Bermäge Dowam Eder”
Türkiyäniň radio we telewideniýe guramasy (TRT) 60 ýaşynda