Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy hemişelik okyjylary hem-de agzybir kitaphanaçylary bilen Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli “Medeniýet - milletiň aň kämilligi” atly söhbetdeşlik geçirdi.
Söhbetdeşlige kitap söýüji ýaşlar hem-de çagalar gatnaşdy. Çagalar türkmen medeniýetini, sungatyny wasp edýän goşgulary uly höwes bilen ýerine ýetirdiler.Kitaphanamyzyň gurnan göçme kitap sergisi çagalarda uly täsir galdyrdy.
Söhbetdeşligiň ahyrynda türkmen medeniýetini, sungatyny, nusgawy edebiýatyny ýaş nesillere giňişleýin wagyz etmäge döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.
