Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Aman Kekilow adyndaky kitaphana şahamçasynyň gurnamagynda, Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli Medeniýet sözünden döwür gülleýär atly Aşgabat şäher häkimliginiň toplumy binasynda söhbetdeşlik geçirildi hem-de göçme kitap sergisi gurnaldy.
Söhbetdeşlikde çykyş edenler, Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan - bedew batly at-myradyň mekany ýylynyň şanly wakalara, Medeniýet hepdeliginiň uly toý-baýramlara beslenip geçirilýändigi hakynda söhbet etdiler.Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli geçirilýän dabaralar halkymyzda, aýratyn hem, medeniýet we sungat ussatlarynda täze ýeňişleriň ruhy joşgunyny döredýändigi, ýazyjy-şahyrlaryň kalbynda ylham joşup, bagşy-sazandalaryň ýüreklerinde buýsanç duýgusyny artdyrýandygy barada giňişleýin gürrüň berdiler.
Gurnalan göçme kitap sergisinde Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ajaýyp eserleriniň many-mazmunynyň gymmaty hakynda söhbet edilip, ösüp gelýän ýaş nesillerimizde watançylyk duýgusyny has-da ösdürmekde kitaplaryň gymmatly gollanma bolup durýandygyny buýsanç bilen beýan etdiler.
