Mediaforum: ulag ministrleriniň Awaza maslahatynyň jemleri

Mediaforum: ulag ministrleriniň Awaza maslahatynyň jemleri

22-nji awgustda Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň mejlisler zalynda deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ulag ministrleriniň derejesindäki halkara maslahata we onuň çäklerinde guralan çärelere bagyşlanyp, “Türkmenistanyň halkara başlangyçlary: hyzmatdaşlygyň täze gözýetimleri” atly mediaforum geçirildi.

Duşuşyga ugurdaş düzümleriň, teleradioýaýlymlaryň, Döwlet habarlar agentliginiň ýolbaşçylary we wekilleri, gazet-žurnallaryň redaktorlary, Türkmenistanda işleýän daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, şeýle-de wideoaragatnaşyk arkaly dünýäniň iri habarlar agentlikleriniň žurnalistleri gatnaşdylar.

Prezident Serdar Berdimuhamedowyň 15-16-njy awgustda Awaza milli syýahatçylyk zolagynda üstünlikli geçirilen halkara maslahatda öňe süren täze başlangyçlarynyň ähmiýeti esasy garalan meseleleriň biri boldy. Çykyş edenler Awaza milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen halkara maslahatda Türkmenistanyň Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek bilen baglanyşykly möhüm wezipeleriň çözgüdini işläp taýýarlamak ugrunda tagallalary jemlemekde möhüm orun eýeländigini bellediler. Şunda ulag ulgamyna aýratyn ähmiýet berilýär.

Bu halkara maslahata onlarça döwletleriň we abraýly halkara guramalaryň wekilleri gatnaşdylar.Oňa şeýle köp sanly wekiliýetleriň gatnaşmagy we bu çäräni teleýaýlymlarda, internet portallarynda gyzgyny bilen ýerleşdiren köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň uly gyzyklanma bildirmekleri forumyň uly ähmiýete eýediginiň aýdyň beýanyna öwrüldi.

Maslahatyň ähli mejlisleri Birleşen Milletler Guramasynyň web platformasynda guramanyň resmi dilleri bolan iňlis, fransuz, ispan we rus dillerinde göni ýaýlyma berildi.Utgaşykly görnüşde guralan mediaforuma daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, hususan-da, “TASS”, “TRT”, “Anadolu Ajansi”, “SNG+MIR/SNG+HYTAÝ”, “CGTN-Russian”, “Rossiýa 24” ýaly habarlar gulluklarynyň, Aziýa — Ýuwaş umman teleradioýaýlymlar birleşiginiň (ABU), “AzTV”, “Mir” döwletara teleradiokompaniýasynyň, “Korean Broadcasting System” kompaniýasynyň wekilleri gatnaşdylar.

Bularyň ählisiniň Awazada geçirilen halkara maslahatyň işini beýan edendiklerini bellemek gerek.Daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri wekilçilikli forumyň öz wagtynda geçirilendigini hem-de onuň döwrüň talap edýän, ähli döwletleriň, esasan-da, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň geljegi üçin ähmiýetli bolan ulag arabaglanyşygynyň pugtalandyrylmagyna gönükdirilen täzeçil syýasy çözgütleri işläp taýýarlamak babatda möhümdigini aýratyn bellediler.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Teleradioýaýlymlar merkezinde mediaforum geçirildi
MEDIAFORUM: TÜRKMENISTANYŇ ÄHLUMUMY BAŞLANGYÇLARY ESASYNDA HYZMATDAŞLYGYŇ TÄZE GÖZÝETIMLERI
Türkmenistanyň Milli lideri Türkiyäniň Prezidentine minnetdarlyk bildirdi
Türkmenistanyň Türki Döwletleriň Guramasyna doly hukukly agza bolmagyna garaşylýar
Suwuň güýji “Yşyk” berýär
Ýadro güýç milli energiýa howpsuzlygynyň açarymy?