Medwedew US Open-de ýeňiji bolany üçin 2,5 million dollar gazandy

Medwedew US Open-de ýeňiji bolany üçin 2,5 million dollar gazandy

Rus tennisçisi Daniil Medwedew US Open ýaryşynda ýeňiji bolany üçin 2,5 million dollar möçberinde pul baýragyny gazandy. Ol finalda serbiýaly Nowak Jokowiçi 6:4, 6:4, 6:4 hasabynda ýeňmegi başarypdy. Bu barada sport-express.ru habar berdi.

Baýrak gowşurylyş dabarasynda Medwedewe 2,5 million dollarlyk çek gowşuryldy. Ýeňiş gazanmak mümkinçiligini elden gidiren Jokowiç bolsa 1,25 million dollar gazandy.

Medwedew karýerasynda ilkinji gezek “Uly tuwulga” ýaryşynda ýeňiji boldy. 2 sagat 17 minut dowam eden bu duşuşykda rus tennisçisi 16 eýs aldy we 9 goşa ýalňyşlyk goýberdi, şeýle hem 8 breýk-pointiň 4-sinde üstünlik gazandy.

Ýene degişli makalalar

12 minutda 3-0 öňe geçse-de, ýeňlişe sezewar boldy
Türkmenistanda Amerikanyň öňdebaryjy ýokary okuw mekdepleriniň şahamçalaryny açmak maslahatlaşyldy
Mbappe bolmasa, Kolo Muani bar
Aşgabatda C5+O.N.E. maksatnamasynyň üçünji tapgyrynyň gutardyş dabarasy geçirildi
“Barselonadan” utulanynyň ahmyryny “Bohumdan” çykardy
Aşgabatda 14 ýaşa çenli ýetginjek oglan-gyzlaryň arasynda tennis boýunça halkara ýaryş geçiriler
1-nji noýabrda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti