Mehmet Şimşek halkara maýadarlar bilen duşuşyk geçirer

Mehmet Şimşek halkara maýadarlar bilen duşuşyk geçirer

Gazna we Maliýe ministri Mehmet Şimşek şu gün Stambulda Amerikan maýa goýum banky JP Morganyň guramaçylygynda we takmynan 50 maýadaryň gatnaşmagynda geçiriljek Türkiye Ykdysadyýet forumyna gatnaşar.

Mehmet Şimşek halkara maýadarlara Türkiyäniň ykdysadyýetini gürrüň berip çykyş eder.

Maslahatyň ahyrynda maýa goýum toparlary bilen aýry-aýry duşuşyk geçirjek Mehmet Şimşek, şol çäkde JP Morgan, Singapur barlyk gaznasy we Franklin Templeton maýa goýum kärhanalarynyň wekilleri bilen duşuşyk geçirer.

Beýleki tarapdan ady agzalan çäräniň çäginde Merkezi Bankyň başlygy Hafize Gaýe Erkan hem söz sözlär.

Forum we duşuşyklar metbugata ýapyk häsýetde bolar.

Ýene degişli makalalar

Mehmet Şimşek G-20-niň Maliýe Ministrleriniň Maslahatyna Gatnaşar
Mehmet Şimşek Katara we Kuweýde sapar gurar
Gazna we Maliýe Ministri Şimşek Saud Arabystanynda Saparda Bolýar
Mehmet Şimşek Hytaýda saparda bolýar
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türkiyäniň ykdysadyýeti 16 çärýek bäri yzygiderli ösmäge dowam edýär
Mehmet Şimşek Omanda saparda bolýar