Mekge-Medinä giden türkmen zyýaratçylary haj parzyny berjaý edip geldiler

Mekge-Medinä giden türkmen zyýaratçylary haj parzyny berjaý edip geldiler

Gurban baýramynyň nurana günlerinde Mekgede we Medinede haj parzyny berjaý eden türkmen zyýaratçylarynyň topary Watanymyza dolanyp geldiler. Ozal habar berşimiz ýaly, Prezident Serdar Berdimuhamedowyň degişli Buýrugyna laýyklykda, ýurdumyzyň welaýatlaryndan we Aşgabat şäherinden bolan ildeşlerimiziň 275-si “Türkmenhowaýollary” agentligi tarapyndan guralan ýörite uçarda Saud Arabystany Patyşalygyna iberilipdi.

Zyýaratçylar Medinede Muhammet pygamberiň we onuň egindeşleriniň aramgählerine, belli metjitlere we beýleki keramatly ýerlere zyýarat etdiler.Olar Mekgede Zemzem çeşmesi, Al-Haram metjidi ýaly esasy mukaddes ýerlerde haj parzlaryny berjaý edip, togap dessuryna eýerdiler we mukaddes Käbäniň daşyndan aýlandylar.

Türkmen zyýaratçylary haj wagtynda sežde edip, Beýik Biribardan Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegini, halkymyzyň abadançylygyny dileg etdiler.Goý, ildeşlerimiziň mukaddes Käbä haj zyýaratyna gidip, ol ýerde eden doga-dilegleri Beýik Biribaryň dergähinde kabul bolsun!

Ýene degişli makalalar

1-nji iýulda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
Çeşmeler: Haj zyýaratynda 18 türkmenistanly zyýaratçy wepat boldy
Türkmen zyýaratçylary haj parzyny berjaý edip geldiler
10-njy iýulda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
Zyýaratçylaryň bir tapgyry haj parzyny amal etmek üçin Aşgabatdan Saud Arabystanyna ugradyldy
Haj parzyny berjaý eden ildeşlerimiz Watanymyza gaýdyp geldi
Türkmenhowaýollarynyň uçary Jiddada garşylandy