Mellek meselesi: 'Ýer paýlanyşygynda para alynýar we berilýär'

Mellek meselesi: 'Ýer paýlanyşygynda para alynýar we berilýär'

Şu günler Ýer serişdeleri gullugy Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäheriniň demirgazyk böleginde, köne howa menziliniň golaýynda, ýaşaýyş jaýlaryny gurmaga niýetläp, raýatlara mellek ýerlerini paýlaýar. Ýerli ýaşaýjylar ýer paýlanyşygynda korrupsiýa ýol berilýändigini aýdýarlar.

“6 sotka ýer üçin 5 müň dollar para bermeli” diýip, bir ýerli ýaşaýjy Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

“5 müň dollar para bilen mellek ýerini nobatsyz alyp bolýar. Bu mellek ýerini soňra islendik wagtda 7 müň dollara satyp bolar” diýip, beýleki bir ýaşaýjy aýtdy.

Täze ýer eýeleri mellek paýlanyşygynyň Türkmenabat şäher häkimligi we Ýer serişdeleri gullugy bilen bilelikde guramalaşdyrylýandygyny aýdýarlar.

Mellek ýerleriniň ýerleşýän ýeri ilat arasynda “Ýokary Kerkinka” sebiti atlandyrylýar.

Google kartasynda Türkmenabat şäheriniň demirgazyk-gündogar sebitinde, suw kanalynyň ýakasynda, giň boş meýdany görmek bolýar. Boş meýdanyň ortasynda köne uçuş-gonuş zolagyna çalym edýän ýol görünýär.

“Döwlet eýeçiligindäki ýerleri satyp, para alyp, mellek ýerlerini paýlaýarlar. Prokuratura hem bu ýagdaýlardan habarly, ýöne göz ýumýar” diýip, türkmenabatly ýaşaýjy aýdýar.

Azatlyk Radiosy Lebap welaýatynyň sebit merkezindäki mellek ýerleriniň paýlanyşygy barada şäher häkimliginden, Ýer serişdeleri gullugyndan hem-de ýerli prokuratura edarasyndan teswir alyp bilmedi.

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň tabynlygyndaky Ýer serişdeleri gullugy ýurduň ýer serişdeleri boýunça bitewi döwlet syýasatyny ýerine ýetirýär. Ýer bölekleriniň eýeçilige berilmegi bu gulluk tarapyndan resmileşdirilýär.

Resmi maglumatlara görä, gurama häzirki wagtda döwlet ýer kadastry boýunça maglumatlary sanly ulgama birikdirmegiň üstünde işleýär.

Türkmenistanda ilatyň ýaşaýyş jaý üpjünçiligi bilen bagly problemalar onlarça ýyl bäri dowam edýär. Azatlyk Radiosynyň habarçylary eýeçilige berilýän mellek ýerleri bilen bagly meseleler, ýerleriň resmileşdirilmeginde para-peşgeşiň alnyp berilmegi, paýlanylýan ýerleriň amatsyzlyklary ýaly problemalar boýunça yzygiderli habar berip gelýärler.

2015-nji ýylda Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäheriniň günorta sebitlerinde, Azatlyk şäherçesinde we Çärjew etrabynda 2 müň töweregi mellek ýeri ilata paýlanylyp berildi. Azatlyk Radiosy bu mellek ýerleriniň soňky ykbaly barada birnäçe gezek habar berdi.

Habarçylarymyz aradan dokuz ýylyň geçendigine garamazdan, bu mellek ýerleriniň heniz hem boş durandygyny, ol ýerlerde ýaşaýyş jaýlarynyň gurulmandygyny habar berýärler.

“Şol ýerler dokuz ýyl ozal nähili bölünip berlen bolsa, şol durşuna dur. Çöllük, gumluk, ýol ýok. Bu ýerlere awtoulagda barmak beýlede dursun, pyýada hem baryp bolmaýar” diýip, ýer eýesi aýdýar.

Ol gumluk ýerlerden mellek alan ýaşaýjylaryň ençemesiniň häzirki wagtda arza ýazyp, köne melleklerinden ýüz öwürýändiklerini aýdýarlar.

“Sebäbi, raýatyň adynda bir mellek ýeri bar bolsa, ikinji gezek adyňa ýaşaýyş jaýyny resmileşdirip bolmaýar” diýip, ol gürrüň berýär.

Türkmenistanyň tutýan umumy meýdanynyň 80 göterime golaý meýdanyny Garagum çöli eýeleýär. Ýer eýeleri çöl ýerlerinde paýlanýan mellekleriň ýaşamak üçin amatsyz bolandygyny aýdýarlar. Çet sebitlerde täze paýlanylýan mellek ýerleri köplenç geçirijiler arkaly çekilýän elektrik, suw we tebigy gaz üpjünçiliginden mahrum bolýar.

Türkmenistanda 2022-nji ýylyň dekabrynda geçirilen ilat ýazuwynyň jedelli netijelerine görä, ilatyň takmynan 53 göterimi oba ýerlerinde 47 göterimi şäher ýerlerinde ýaşaýar. Şeýle-de, resmi sanlara görä, ýurtda 1 million 300 müňden gowrak ýaşaýyş jaýy, 1 million töweregi ýaşaýyş binasy bellige alnypdyr.

Mellek ýerleriniň paýlanyşygynda korrupsiýa ýol berilmegi ýaly hadysalar ýurtda öňden bäri dowam edýär. Türkmenistanyň döwlet media serişdeleri ilatyň ýaşaýyş jaý we ýer problemalary barada habar bermeýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Gelinleriň 'görülmeýän' görgüleri iň ýokardan iň aşaga çenli saklanyp galýar
Mary welaýatynda iki günläp ýagan ýagyş ýerli ýaşaýjylary başagaý etdi, ekin meýdanlary zyýan çekdi
Öwülýä Çelebiniň ömür beýany
Türk Okuwçylary Halkara Olimpiadalarda 10 Medal Aldy
Eýranda zäherlenme wakalary dowam edýär