Meredow bilen Çawuşoglu telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi

Meredow bilen Çawuşoglu telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi

2023-nji ýylyň 6-njy fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow bilen Türkiýe Respublikasynyň Daşary işler ministri M.Çawuşoglunyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşligi geçirildi.

Söhbetdeşligiň dowamynda Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy Türkiýedäki köp sanly adamyň ölmegine we ýaralanmagyna sebäp bolan ýer titremesi bilen baglanyşykly türk kärdeşine duýgudaşlyk we goldaw bildirdi.

R.Meredow pida bolanlaryň garyndaşlaryna we ýakynlaryna çuňňur gynanç bildirdi, ýaralananlara tiz wagtda sagalmaklaryny arzuw etdi.(TDIM)

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Tüтrkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Tüтrkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
AŞGABATDA BIRLEŞEN MILLETLER GURAMASYNYŇ DÖREDILMEGINIŇ 80 ÝYLLYGYNA BAGYŞLANAN MASLAHAT GEÇIRILDI
R.Meredow BMG-niň Baş sekretarynyň kömekçisi bilen duşuşdy
Gurbanguly Berdimuhamedow "Milletiň atasy" atlandyryldy
Özbegistanyň täze ilçisi Türkmenistanyň DIM-inde ynanç hatynyň nusgalaryny gowşurdy