Merkeliň Beýik Britaniýa soňky sapary

Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Kansleri Angela Merkel Beýik Britaniýa iň soňky iş saparyny amala aşyryp, Premýer-ministr Boris Jonson bilen duşuşdy.Bu sapar 2005-nji ýyldan, Merkeliň Kansler bolup işe başlan döwründen bäri 22-nji saparydyr.

Indi onuň ygtyýarlyk möhleti gutarýar. 26-njy sentýabrda Germaniýada Parlament saýlawlary geçirilip, Angela Merkel federal hökümetiň başlygy wezipesine öz dalaşgärligini gaýtadan hödürlemejekdigini aýtdy.Duşuşygyň barşynda iki ýurduň ýolbaşçylary London bilen Berliniň arasyndaky hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak barada pikir alyşdylar.

Merkeliň Kansler wezipesinde işlän 16 ýyldan gowrak wagtynyň içinde Beýik Britaniýa bilen Germaniýanyň arasyndaky gatnaşyklar ösüp, täze döwre gadam basdy.Beýik Britaniýany we Germaniýany köp meselelerde mäkäm dostluk hem-de umumy garaýyşlar baglanyşdyrýar.

Biziň alymlarymyz, oýlap tapyjylarymyz we senagatçylarymyz dünýäni has-da gowulandyrmak maksady bilen bilelikde işleýärler diýip, Beýik Britaniýanyň Premýer-ministri Boris Jonson belledi.Merkel bilen Jonson taraplaryň tejribe alyşmagyny üpjün etmek we hyzmatdaşlygy artdyrmak maksady bilen iki ýurduň Ministrler Kabinetiniň her ýylky ýygnagyny geçirmek barada ylalaşyk gazandylar.

Kansler ylym pudagynda iňlis-german gatnaşyklarynyň ähmiýetini ileri tutýandygyny belledi. Saparyň dowamynda korollygyň hökümet başlygy Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Kansleriniň hormatyna akademiki medalyň döredilendigini habar berdi. 2010-njy ýylda Angela Merkel korol Çarlz II medaly bilen sylaglanypdy.

Germaniýanyň Kansleri Beýik Britaniýanyň şa zenany Ýelizaweta II bilen duşuşdy.Monarh ony Londondan 40 km uzaklykda ýerleşýän Berkşir graflygyndaky Windzor galasynda kabul etdi. 2015-nji ýylda german kanselýariýasynda bu ýurda şa zenanyň sapary wagtynda olaryň şahsy duşuşygy geçirilipdi.

Iki gezek 2008-nji we 2014-nji ýyllarda Ýelizaweta II Bukingem köşgünde Merkeli myhman alypdy.Olar iň soňky gezek iýun aýynda Beýik Britaniýanyň Kornuoll şäherinde geçirilen G-7 sammitiniň çäginde görşüpdiler.

Ýene degişli makalalar

Dünýä ýurtlarynyň prezidentleri günde näçe sagat ýatyp ukusyny alýarlar
Putin Bilen Merkel, Belarus-Polşa Serhedinde Başdan Geçirilýän Soňky Wakalar Hakynda Pikir Alyşdy
Lukaşenko Bilen Merkel Immigrant Krizisi Hakynda Pikir Alyşdy
Merkel we Lukaşenko Polşa serhedindäki bosgun krizisini ara alyp maslahatlaşdy
Merkel Üçin Harby Hoşlaşyk Dabarasy Geçirildi
Angela Merkeli kansler wezipesinden ugratmak dabarasy geçirildi
Baýden Putin Bilen Duşuşygyndan Ozal Günbatarly Liderler Bilen Maslahat Geçirdi