Merkezi Aziýa ýurtlarynyň saglygy goraýyş ministrleriniň we BSG-niň sebit direktorynyň duşuşygy geçirildi

21-nji maýda Türkmenistanyň BMG-niň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky Hemişelik wekilhanasynyň binasynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň saglygy goraýyş ministrleriniň we Bütündünýä saglygy goraýyş guramasynyň (BSGG) Ýewropa sebitleýin edarasynyň Direktory doktor Hans Klügeniň bilelikdäki duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň BSGG-nyň Sebitleýin edarasy bilen hyzmatdaşlygynyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem sebitiň ýurtlarynyň anyk ugurlar boýunça hyzmatdaşlygynyň wezipeleri, şol sanda, Merkezi Aziýa sebitinde Ýeke-täk saglyk konsepsiýasyny ösdürmek we ilerletmek, saglygy goraýyş ulgamynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň sebitleýin başlangyçlary babatynda hem-de Merkezi Aziýada 2022-2025 ýyllar üçin saglygy we abadan ýaşaýyşy goldamagyň Ýol kartasy bilen bagly meseleler boýunça özara pikir alşyldy.

Türkmen tarapynyň bellemegine laýyklykda, Ýol kartany netijeli amala aşyrmak üçin ähli derejelerde hyzmatdaşlygy alyp barmaklyk zerur bolup durýar. Mundan başga-da, öňde goýlan wezipeleri çözmek boýunça önjeýli strategiýalary we çäreleri işläp düzmek hem-de durmuşa geçirmek üçin bolsa, diňe bilelikdäki tagallalar amala aşyrylmalydyr.

Hans Klüge hem, öz gezeginde, sebitiň ýurtlaryna Merkezi Aziýada 2022-2025 ýyllar üçin saglygy we abadan ýaşaýyşy goldamagyň bilelikdäki Ýol kartasyny ýerine ýetirmekde goldaw berjekdigini beýan etdi.

Ýene degişli makalalar

Türkiýe Palestina Gämi Keselhanasyny Ugratmaga Taýýar
Prezidente berlen 'ýörite sylag' býujet işgärlerine 'gymmat düşdi'
Erdogan Türkiyäniň Palestina ynsanperwer kömek bermegi sebäpli BSGG Ýewropa sylagyna laýyk görüldi
Türkmenistanyň Prezidenti BSGG-niň Ýewropa sebiti edarasynyň direktoryny kabul etdi
Türkmenistanyň Prezidenti BSGG-niň Ýewropa sebiti edarasynyň direktoryny kabul etdi
BSGG: Ýewropada her gün ýürek-damar kesellerinden 10 müň adam heläk bolýar